Türkiýe gurluşyk kompaniýalarynyň Türkmenistanda täze taslamalara gatnaşmagyna gyzyklanma bildirýär

BIZNES TÜRKMENISTAN
Türkiýe gurluşyk kompaniýalarynyň Türkmenistanda täze taslamalara gatnaşmagyna gyzyklanma bildirýär
Mewlüt Çawuşoglynyň aýtmagyna görä, türk kompaniýalary Türkmenistanda takmynan 50 milliard ABŞ dollaryna barabar bolan 1000-den gowrak taslamalary ýerine ýetirýär.

Türkiýäniň Daşary işler ministri Mewlüt Çawuşogly türkmen kärdeşi Raşid Meredow bilen duşenbe güni Ankarada amala aşyrylan duşuşykdan soň geçirilen metbugat ýygnagynda türk tarapynyň ýakyn wagtda Türkmenistanda ýerine ýetiriljek möhüm gurluşyk taslamalaryna türk kompaniýalarynyň gatnaşmagyndan hoşal boljakdygyny aýtdy.

Mewlüt Çawuşogly türk kompaniýalarynyň Türkmenistanda goýýan maýa goýumlary ýarym milliard ABŞ dollaryna golaýlandygyny aýtdy we türk gurluşyk kompaniýalarynyň Russiýadan soň Türkmenistanda iň köp taslama amala aşyrýandygyny belledi.

Türkiýäniň ýokary derejeli diplomaty türk kompaniýalarynyň Türkmenistanda takmynan 50 milliard ABŞ dollaryna barabar bolan 1000-den gowrak taslamalary ýerine ýetirýändigini aýtdy.

“Geljek döwür üçin Türkmenistanyň örän möhüm taslamalary bar we olar täze şäherleri gurýarlar. Bu taslamalary amala aşyrmaga türk kompaniýalary hem gatnaşsa biz hoşal bolarys” diýip, Mewlüt Çawuşogly metbugat ýygnagynda belledi.

Şeýle hem Türkiýäniň Daşary işler ministri iki ýurduň arasyndaky söwda dolanyşygynyň depgininiň ösýändigine garamazdan, ony 5 milliard ABŞ dollaryna ýetirmek üçin tagallalary güýçlendirmegiň zerurdygyny aýtdy.

Mewlüt Çawuşoglynyň aýtmagyna görä, geçen ýyl Türkiýe bilen Türkmenistanyň arasyndaky ikitaraplaýyn söwda dolanyşygy 2020-nji ýylyň degişli döwri bilen deňeşdirilende 45 göterim ýokarlanyp, 2 milliard ABŞ dollaryndan geçdi.

Türkmenistanyň Daşary işler ministri öz gezeginde, duşuşygyň syýasy, ykdysady we medeni gatnaşyklara, şeýle hem geljekdäki hyzmatdaşlyga gönükdirilendigini aýtdy.

“Biz gyzyklanma bildirilýän sebit we milli meseleler boýunça pikir alyşdyk” diýip, Raşid Meredow belledi.

Şeýle hem Türkiýäniň Prezidenti Rejep Taýyp Ärdogan duşenbe güni Türkmenistanyň Daşary işler ministri Raşid Meredow bilen duşuşyk geçirdi.

Täzelikleriňizi ýollaň
Ugratmak
2022