Ýanwar-sentýabr: türkmen-gazak söwda dolanyşygy 128,1% ýokarlandy

BIZNES TÜRKMENISTAN
Ýanwar-sentýabr: türkmen-gazak söwda dolanyşygy 128,1% ýokarlandy
Bu döwürde Türkmenistanyň Gazagystana eksporty 127,1 göterim artyp, 82,3 million ABŞ dollaryna barabar boldy.

2022-nji ýylyň ýanwar-sentýabr aýlarynda Gazagystan bilen Türkmenistanyň arasyndaky söwda dolanyşygy geçen ýylyň degişli döwri bilen deňeşdirilende 128,1 göterim ýokarlanyp, 328,2 million ABŞ dollaryna deň boldy. Bu barada “Finprom.kz” biznes we maliýe baradaky analitik portalynda duşenbe güni habar berildi.

Bu döwürde Türkmenistanyň Gazagystana eksporty 127,1 göterim artyp, 82,3 million ABŞ dollaryna barabar boldy. Şol bir wagtyň özünde, Türkmenistan Gazagystandan 245,8 million ABŞ dollaryna barabar bolan önüm import etdi. Bu bolsa geçen ýylyň degişli döwri bilen deňeşdirilende 128,5 göterim köpdür.

Habarda bellenilişi ýaly, şu ýylyň ýanwar-sentýabr aýlarynda Gazagystanyň Merkezi Aziýa ýurtlary bilen söwda dolanyşygy 29,9 göterim ýokarlanyp, 5 milliard 600 million ABŞ dollaryna deň boldy.

Özbegistan Gazagystanyň Merkezi Aziýa ýurtlary bilen edýän söwdasynyň üçden iki bölegini tutýar. Şu ýylyň dokuz aýynda Gazagystan bilen Özbegistanyň arasyndaky söwda 3,5 milliard ABŞ dollaryna barabar bolup, 32,9 göterim ýokarlandy.

 

Täzelikleriňizi ýollaň
Ugratmak
2022