Aşgabatda türkmen-awstriýa işewürlik maslahaty geçirildi

BIZNES TÜRKMENISTAN
Aşgabatda türkmen-awstriýa işewürlik maslahaty geçirildi
Duşuşygyň dowamynda ykdysadyýetiň dürli ugurlarynda gatnaşyklary täze derejä çykarmagyň ýollary maslahatlaşyldy. (Surat: Orient.tm)

Türkmenistanyň Söwda-senagat edarasy bilen Awstriýa Respublikasynyň Federal ykdysady edarasy tarapyndan bilelikde gurnalan türkmen-awstriýa işewürlik maslahaty sişenbe güni Aşgabatda geçirildi. Bu barada Türkmenistanyň resmi metbugaty habar berdi.

Işewürlik maslahatyna türkmen tarapyndan birnäçe ministrlikleriň we pudak edaralarynyň wekilleri, Senagatçylar we telekeçiler birleşmesiniň agzalary, Awstriýa wekiliýetinden bolsa bu ýurduň maşyngurluşyk, bilim, sanly ulgam we elektron programma üpjünçiligi ulgamlaryna ýöriteleşen döwlet edaralarynyň, kompaniýalarynyň ýolbaşçylary hem-de wekilleri gatnaşdylar.

Duşuşygyň dowamynda ykdysadyýetiň dürli ugurlarynda we maýa goýumlarda, ýokary tehnologiýalar, senagat, energetika, oba hojalygy we ulag ulgamynda gatnaşyklary täze derejä çykarmagyň ýollary, söwda dolanyşygyny giňeltmegiň mümkinçilikleri ara alnyp maslahatlaşyldy hem-de bilelikdäki işler üçin anyk meýilnamalar kesgitlenildi.

Türkmen-awstriýa işewürlik maslahatynyň çäklerinde Türkmenistanyň we Awstriýanyň ministrlikleriniň, edaralarynyň, hususy kompaniýalarynyň hem-de telekeçileriniň arasynda ikitaraplaýyn duşuşyklar geçirildi we birnäçe resminamalara gol çekildi.

Duşuşyklaryň dowamynda süýji-köke öndürýän “Balam” hususy kärhanasy bilen “Akras Flavours GmbH” kompaniýasynyň arasynda, şeýle hem Türkmenistanyň “Halk market” supermarketler toplumy bilen awstriýa-türkmen jemgyýetiniň arasynda şertnamalar baglaşyldy.

Türkmen-awstriýa bilelikdäki toparynyň nobatdaky 11-nji mejlisi 30-njy noýabrda geçirilýär.

Täzelikleriňizi ýollaň
Ugratmak
2022