Türkmenistanyň Milli Geňeşiniň Halk Maslahatynyň Başlygy Gurbanguly Berdimuhamedow Günorta Koreýa resmi saparynyň çäklerinde sişenbe güni Koreýa Respublikasynyň işewür düzümleriniň wekilleri bilen duşuşyk geçirdi.
Duşuşyga “Hyundai Engineering”, “Hyundai Corporation”, “Hyundai Motors”, Günorta Koreýanyň “KEXIM” eksport-import bankynyň, “LX International Corp.”, “Omnisystem Co Ltd”, “Daewoo Engineering and Construction”, “KD Navien” kompaniýalarynyň, Koreýa Respublikasynyň Deňiz enjamlary ylmy-barlag institutynyň, (KOMERI), “MESCO”, Koreý lukmançylygyny ösdürmek boýunça milli institutynyň, Kýongbuk milli uniwersitetiniň ýanyndaky “Chilgok” klinikasynyň, “KITECH” konwergent tehnologiýalar merkeziniň ýolbaşçylary gatnaşdy.
Gurbanguly Berdimuhamedow öz çykyşynda bu duşuşygyň hyzmatdaşlygyň mümkinçilikleri barada pikir alyşmaga, şeýle hem özara gatnaşyklary mundan beýläk-de meýilleşdirmäge hem-de iki tarapyň hem anyk isleglerini we maksatlaryny bilmäge oňyn şerti döredendigini aýtdy.
Duşuşygyň dowamynda Türkmenistanyň Milli Geňeşiniň Halk Maslahatynyň Başlygy Türkmenistanyň halkara hukugyň kadalaryna laýyk getirilen kanunçylyk binýadynyň daşary ýurt maýa goýujylaryny çekmekde uly orun eýeleýändigini belledi we ýurdumyzda salgyt salmak, maýa goýumlar, erkin telekeçilik babatda netijeli kanunlaryň kabul edilendigini nygtady.
Şeýle-de Gurbanguly Berdimuhamedow ilkinji nobatda walýutanyň hümmeti düzgünleşdirilip, milli manadyň berkidilmegi arkaly Türkmenistanyň maliýe ulgamynyň durnuklylygyny ýokarlandyrmak üçin çäreleriň görülendigini aýtdy.
Mundan başga-da, Türkmenistanyň Milli Geňeşiniň Halk Maslahatynyň Başlygy Türkmenistanda koreý kompaniýalarynyň gatnaşmagynda umumy bahasy 11 milliard ABŞ dollaryndan gowrak 13 sany maýa goýum taslamasy hasaba alynandygyny habar berdi.
Gurbanguly Berdimuhamedow öz çykyşynyň dowamynda “Aşgabat-siti” taslamasynyň durmuşa geçirilip başlanandygyny aýtdy. Şeýle hem “Biz “Daewoo Engineering and Construction” kompaniýasynyň bu taslamany amala aşyrmaga gatnaşmaga gyzyklanma bildirýändigini bilýäris hem-de onuň meýillerini goldaýarys” diýip, Türkmenistanyň Milli Geňeşiniň Halk Maslahatynyň Başlygy Türkmenistanda iň täze tehnologiýalar we dolandyryş çözgütleri esasynda şäher gurluşygyny döwrebaplaşdyrmak işinde hyzmatdaşlyk etmäge beýleki koreý kompaniýalaryny hem çagyrdy.
Gurbanguly Berdimuhamedowyň aýtmagyna görä, Türkmenistan Koreýa Respublikasyny uzak möhletli, strategik geljege gönükdirilen gatnaşyklary ýola goýmagy maksat edinýän esasy ykdysady hyzmatdaşlarynyň biri hökmünde hasaplaýar.
Duşuşykdan soň iki ýurduň ugurdaş düzümleriniň we işewür toparlarynyň arasynda ikitaraplaýyn resminamalara gol çekmek dabarasy boldy.
Soňra Türkmenistanyň Milli Geňeşiniň Halk Maslahatynyň Başlygy “Daewoo Engineering and Construction”, “Hyundai Engineering” we “LX International Corp.” kompaniýalarynyň ýolbaşçylary bilen duşuşdy.
Şeýle hem Türkmenistanyň Milli Geňeşiniň Halk Maslahatynyň Başlygy Gurbanguly Berdimuhamedow sişenbe güni Günorta Koreýanyň Prezidenti Ýun Sok Ýol bilen duşuşyk geçirdi.