Günorta Koreýanyň iri kompaniýalary Türkmenistanyň gazhimiýa taslamalaryna gatnaşar

BIZNES TÜRKMENISTAN
Günorta Koreýanyň iri kompaniýalary Türkmenistanyň gazhimiýa taslamalaryna gatnaşar
Balkan welaýatynda tebigy gazdan ýylda 1 million 155 müň tonna karbamid öndürmäge mümkinçilik berjek zawodyň gurluşygy meýilleşdirilýär.

Türkmenistanyň Milli Geňeşiniň Halk Maslahatynyň Başlygy Gurbanguly Berdimuhamedowyň ýolbaşçylygyndaky wekiliýetiň 27-29-njy noýabr aralygynda Günorta Koreýa amala aşyran resmi saparynyň dowamynda türkmen tarapy we Koreýa Respublikasynyň iri kompaniýalary Türkmenistanyň gazhimiýa toplumynda täze maýa goýum taslamalaryny durmuşa geçirmek boýunça birnäçe ylalaşyklary ara alyp maslahatlaşdylar we gol çekdiler.

Bu barada wekiliýetiň agzasy, Türkmenistanyň Döwlet daşary ykdysady iş bankynyň başlygy Rahymberdi Jepbarow Türkmenistanyň resmi metbugatyna beren beýanatynda aýtdy. Bu beýanat Türkmenistanyň resmi metbugatynda anna güni çap edildi.

Rahymberdi Jepbarowyň aýtmagyna görä, bu taslamalaryň hatarynda Koreýa Respublikasynyň “Hyundai Engineering”, “LX International Corp.” we Ýaponiýanyň “Itochu Corporation” kompaniýalarynyň bilelikde Balkan welaýatynda tebigy gazy gaýtadan işläp, dizel we nafta suwuk ýangyjyny öndürjek zawodyň gurluşygy, “Daewoo Engineering and Construction” kompaniýasy tarapyndan Balkan welaýatynda tebigy gazdan ýylda 1 million 155 müň tonna karbamid öndürmäge mümkinçilik berjek zawodyň gurluşygy, ýene şol kompaniýa tarapyndan Lebap welaýatynyň Türkmenabat şäherinde ýylda 300 müň tonna fosfor dökünini öndürjek desganyň gurluşygy bardyr.

Şeýle hem saparyň çäginde taraplar “Hyundai Corporation” kompaniýasy bilen Türkmenistana awtoulaglary, şol sanda elektrobuslary we elektromobilleri ugratmak meselesini ara alyp maslahatlaşdylar we ylalaşyk gazandylar.

Mundan başga-da, Türkmenistanyň Döwlet daşary ykdysady iş bankynyň başlygy türkmen tarapynyň Koreýanyň eksport-import bankynyň hem-de “Ksure” eksport karzlaryny ätiýaçlandyryş guramasynyň ýolbaşçylary bilen geçiren duşuşyklarynda Türkmenistanda amala aşyrylmagy meýilleşdirilýän maýa goýum taslamalarynyň sanawyny kesgitlemek we olary maliýeleşdirmek üçin degişli işlere girişmek meselesi boýunça ylalaşandyklaryny habar berdi.

Türkmenistanyň Milli Geňeşiniň Halk Maslahatynyň Başlygy Gurbanguly Berdimuhamedow Günorta Koreýa resmi saparynyň çäklerinde sişenbe güni Koreýa Respublikasynyň işewür düzümleriniň wekilleri bilen duşuşyk geçirdi.

Täzelikleriňizi ýollaň
Ugratmak
2022