Türkmenistanda karbamidli-formaldegid konsentratynyň önümçiligi ýola goýular

BIZNES TURKMENISTAN
Türkmenistanda karbamidli-formaldegid konsentratynyň önümçiligi ýola goýular
Karbamidli-formaldegid konsentraty karbamid dökünlerini öndürmekde esasy çig mal bolup hyzmat edýär.

“Türkmenhimiýa” döwlet konserni Türkmenistanda karbamidli-formaldegid konsentratynyň önümçiligini ýola goýmak boýunça birnäçe işleri alyp barýar.  

Türkmenistanyň Ministrler Kabinetiniň Başlygynyň senagat we gurluşyk toplumyna gözegçilik edýän orunbasary Çarymyrat Purçekow anna güni sanly ulgam arkaly geçirilen Ministrler Kabinetiniň nobatdaky mejlisiniň dowamynda bu ugurda görülýän çäreler boýunça Türkmenistanyň Prezidenti Serdar Berdimuhamedowa hasabat berdi. Bu barada Türkmenistanyň resmi metbugaty habar berdi.

Karbamidli-formaldegid konsentraty karbamid dökünlerini öndürmekde esasy çig mal bolup hyzmat edýär. Wise- premýeriň aýtmagyna görä, bu konsentrat daşary ýurtlara köp möçberde iberilýän karbamid dökünleriniň hilini we durkuny saklamaga oňyn täsir edýär.

Çarymyrat Purçekow karbamidli-formaldegid konsentrat önümçiliginde esasy çig mal bolan metanolyň Ahaldaky gazdan benzin öndürýän zawodda öndürilýändigini aýtdy we degişli önümçiligi şu zawodyň çäginde gurmak maksadalaýyk boljakdygyny nygtady.

Döwlet Baştutanymyz hasabaty diňläp, ýurdumyzda daşary ýurtlardan getirilýän harytlaryň ornuny tutýan önümleriň önümçiligini ýola goýmak boýunça görülýän çäreleriň wajypdygyny belläp, wise-premýere bu ugurda alnyp barylýan işleri dowam etdirmegi tabşyrdy.

Türkmenistanyň Ministrler Kabinetiniň nobatdaky mejlisinde birnäçe meselelere garaldy we milli ykdysadyýetimizi mundan beýläk-de okgunly ösdürmäge gönükdirilen resminamalar kabul edildi.

2022