Türkmenistanda hususy notariuslaryň işine ygtyýar berilýär

BIZNES TÜRKMENISTAN
Türkmenistanda hususy notariuslaryň işine ygtyýar berilýär
Hususy notariuslaryň Türkmenistanyň kanunçylygynda bellenilen tertipde Türkmenistanyň Notariuslarynyň birleşmesini döretmäge hukugy bardyr.

“Notariat we notarial işi hakynda” Türkmenistanyň täze Kanuny kabul edildi. Oňa görä, notarial işini döwlet notarial edarasynyň döwlet notariusyndan başgada ygtyýarnama esasynda hususy notarius hem amala aşyryp biler.

Bu Kanun Türkmenistanyň Prezidenti Serdar Berdimuhamedow tarapyndan 20-nji Noýabrda gol çekildi we geçen anna güni Türkmenistanyň resmi metbugatynda çap edildi.

Türkmenistanyň Adalat ministrligi notarial işini ygtyýarlylandyrmakda ygtyýarly edara bolup, Notarial işi amala aşyrmaga hukuk berýän ygtyýarnamalaryň döwlet sanawyny ýöredýär.

Hususy notariuslaryň Türkmenistanyň kanunçylygynda bellenilen tertipde Türkmenistanyň Notariuslarynyň birleşmesini (mundan beýläk — Birleşme) döretmäge hukugy bardyr. Birleşme öz agzalarynyň hukuklaryny we kanuny bähbitlerini beýan etmäge we goramaga, Türkmenistanda notarial işiniň ösmegine goldaw bermäge hyzmat edýän jemgyýetçilik birleşigi bolup durýar.

Ýokary hukuk bilimi bolan, hukuk hünäri boýunça azyndan 2 ýyl üznüksiz iş döwri bolan, notariusda alty aýyň dowamynda tälim alan we hünär synagyny geçen Türkmenistanyň raýaty hususy notarius bolup biler. Hususy notariusyň notarial işini amala aşyrmak üçin Notarial işi amala aşyrmaga hukuk berýän ygtyýarnamasy bolmalydyr.

Amala aşyrylýan notarial hereketleriň kanunylygyna we notarial iş önümçiligini alyp barmagyň düzgünleriniň we ygtyýarnama talaplarynyň we şertleriniň berjaý edilişine gözegçiligi Türkmenistanyň Adalat ministrligi amala aşyrýar.

Hususy notarius Türkmenistanyň kanunçylygyna laýyklykda Türkmenistanyň banklarynda hasaplaşyk, depozit we beýleki hasaplary açmaga, iş beriji hökmünde kömekçileri we işgärleri işe kabul etmäge, zerur bolan işgärleriň sanyny kesgitlemäge, notarial hereketleri amala aşyrmakdan alnan girdejilere ygtyýar etmäge, kazyýetde öz adyndan çykyş etmäge hem-de kanunçylyga garşy gelmeýän beýleki hereketleri etmäge haklydyr.

Şeýle hem Türkmenistanyň Adalat ministrligine degişli bolan notariatyň bir bitewi maglumat ulgamynyň döredilmegi göz öňünde tutulýar. Notariatyň bir bitewi maglumat ulgamyna amala aşyrylan notarial hereketler we elektron görnüşindäki resminamalar giriziler.

Hususy notariuslar bu ulgama birikmäge hem-de oňa amala aşyran notarial hereketlerini girizmäge borçludyrlar.

“Notariat we notarial işi hakynda” Türkmenistanyň täze Kanuny 2023-nji ýylyň 1-nji ýanwaryndan güýje girer.

Täze Kanunyň güýje giren gününden başlap, 2015-nji ýylyň 18-nji awgustynda kabul edilen "Notariat we notarial işi hakynda" Türkmenistanyň Kanunyny hem-de oňa gizilen üýtgetmeler we goşmaçalar güýjüni ýitiren diýip, ykrar ediler.

Täzelikleriňizi ýollaň
Ugratmak
2022