Türkmenistanda birnäçe taslamalary durmuşa geçirmek üçin Günorta Koreýadan karzlar çekildi

BIZNES TÜRKMENISTAN
Türkmenistanda birnäçe taslamalary durmuşa geçirmek üçin Günorta Koreýadan karzlar çekildi
Hökümetara türkmen-koreý topary ikitaraplaýyn hyzmatdaşlygy ösdürmek, amala aşyrylmagy meýilleşdirilýän maýa goýum taslamalaryny kesgitlemek, daşary ýurt maýa goýumlaryny we karzlary çekmek boýunça işleri işjeňleşdirmek maksady bilen dörediler.

Türkmenistana Günorta Koreýanyň öňdebaryjy kompaniýalarynyň gatnaşmagynda iri maýa goýum taslamalaryny durmuşa geçirmek maksady bilen, Koreýanyň eksport-import bankyndan we beýleki halkara maliýe guramalaryndan karz serişdeleri çekildi diýip, Türkmenistanyň Ministrler Kabinetiniň Başlygynyň ykdysady, bank we halkara maliýe guramalary meseleleri boýunça orunbasary Hojamyrat Geldimyradow anna güni sanly ulgam arkaly geçirilen Ministrler Kabinetiniň nobatdaky mejlisiniň dowamynda Türkmenistanyň Prezidenti Serdar Berdimuhamedowa hasabat berdi.

Mejlisiň dowamynda Döwlet Baştutanymyz söwda, ykdysady, ylmy we tehnologik hyzmatdaşlyk boýunça hökümetara türkmen-koreý toparynyň türkmen böleginiň düzümini tassyklamak hakynda Karara gol çekdi.

Habarda bellenilişi ýaly, hökümetara türkmen-koreý topary ikitaraplaýyn hyzmatdaşlygy mundan beýläk-de ösdürmek, amala aşyrylmagy meýilleşdirilýän maýa goýum taslamalaryny kesgitlemek, daşary ýurt maýa goýumlaryny we karzlary çekmek boýunça işleri işjeňleşdirmek maksady bilen dörediler.

Döwlet Baştutanymyz hasabaty diňläp, Türkmenistanyň dünýäniň ösen ýurtlarynyň biri hökmünde Koreýa Respublikasy bilen däp bolan dostlukly gatnaşyklary pugtalandyrmaga uly üns berýändigini aýtdy. Soňky ýyllarda ýokary derejedäki duşuşyklaryň çäklerinde gazanylan ylalaşyklar döwletara gatnaşyklary täze derejä çykaryp, esasy ugurlaryň ençemesinde özara bähbitli hyzmatdaşlygy giňeltmek üçin anyk mümkinçilikleri açdy diýip, Türkmenistanyň Prezidenti belledi.

Türkmenistanyň Döwlet daşary ykdysady iş bankynyň başlygy Rahymberdi Jepbarowyň habar bermegine görä, Türkmenistanyň Milli Geňeşiniň Halk Maslahatynyň Başlygy Gurbanguly Berdimuhamedowyň ýolbaşçylygyndaky wekiliýetiň 27-29-njy noýabr aralygynda Günorta Koreýa amala aşyran resmi saparynyň dowamynda türkmen tarapy we Koreýa Respublikasynyň iri kompaniýalary Türkmenistanyň gazhimiýa toplumynda täze maýa goýum taslamalaryny durmuşa geçirmek boýunça birnäçe ylalaşyklary ara alyp maslahatlaşdylar we gol çekdiler.

2022