Türkmenistanyň Döwlet býujetiniň 2023-nji ýylda 95,1 milliard manat bolmagyna garaşylýar

BIZNES TÜRKMENISTAN
Türkmenistanyň Döwlet býujetiniň 2023-nji ýylda 95,1 milliard manat bolmagyna garaşylýar
Döwlet býujetiniň I derejesiniň girdejileri we çykdajylary 29,1 milliard manat bolup, çykdajylaryň 75 göterime golaýyny durmuş ulgamyny maliýeleşdirmäge harçlamak meýilleşdirilýär.

Türkmenistanyň 2023-nji ýyl üçin Döwlet býujetiniň girdejileri we çykdajylary jemi 95,1 milliard manat möçberde meýilleşdirilýär. Bu bolsa 2022-nji ýylyň Döwlet býujetiniň tassyklanan meýilnamasyndan 11,1 göterim ýokarydyr.

Türkmenistanyň Milli Geňeşiniň Halk Maslahatynyň Ykdysadyýet, maliýe we durmuş syýasaty baradaky komitetiniň başlygy Guwançmyrat Agaýewiň Türkmenistanyň resmi metbugatynda çarşenbe güni çap edilen metbugat beýanatynda bellenilişi ýaly, “Türkmenistanyň 2023-nji ýyl üçin Döwlet býujeti hakynda” Kanunyň taslamasy esasy maliýe resminamasy boýunça degişli ministrlikleriň we pudaklaýyn dolandyryş edaralarynyň wekilleriniň gatnaşmagynda deňeşdirme-seljerme işleri täzeden geçirilip,degişli teklipler hem-de bellikler göz öňünde tutuldy we tassyklanyldy.

Döwlet býujetiniň I derejesiniň girdejileri we çykdajylary 29,1 milliard manat bolup, çykdajylaryň 75 göterime golaýyny durmuş ulgamyny maliýeleşdirmäge harçlamak meýilleşdirilýär. Durmuş we jemgyýetçilik hyzmatlaryna goýberiljek serişdeleriň 39 göterimi bilimi, 14,1 göterimi saglygy goraýşy, 2,6 göterimi medeniýeti, 34,7 göterimi döwlet durmuş üpjünçilik ulgamyny, 9,6 göterimi ýaşaýyş jaý-jemagat hojalygyny maliýeleşdirmäge gönükdiriler.

Şeýle hem býujetiň II derejesiniň girdejileri we çykdajylary 65,9 milliard manat möçberinde meýilleşdirilip, 2022-nji ýylyň tassyklanan meýilnamasyndan 10,3 göterim ýokarydyr.

Metbugat beýanatyna görä, maýa goýumlaryň umumy möçberinden 66,5 göterimi önümçilik hem-de 33,5 göterimi durmuş-medeni maksatly binalaryň we desgalaryň gurluşyklarynda özleşdiriler. Bu serişdeleriň hasabyna ýaşaýyş jaýlary, hassahanalar, saglyk öýleri we merkezleri, mekdebe çenli çagalar edaralary, umumy bilim berýän orta mekdepler, medeniýet öýleri, suw hem-de lagym, elektrik geçirijileri, awtomobil ýollary gurlar.

Bulardan başga-da, ýurdumyzda kiçi we orta telekeçiligi mundan beýläk-de höweslendirmek, jemi içerki önümiň möçberindäki döwlete dahylsyz bölegiň paýyny 2023-nji ýylda 71,3 göterime ýetirmek maksat edinilýär.

 2023-nji ýylda Türkmenistanda jemi içerki önümiň ösüş depgininiň deňeşdirme nyrhlarda 6,5 göterime çenli derejede emele gelmegine garaşylýar.

Täzelikleriňizi ýollaň
Ugratmak
2022