Pakistan Owganystanyň üsti bilen Türkmenistandan suwuklandyrylan gazy import etmegi meýilleşdirýär

BIZNES TÜRKMENISTAN
Pakistan Owganystanyň üsti bilen Türkmenistandan suwuklandyrylan gazy import etmegi meýilleşdirýär
Pakistanly hünärmenler ýurduň Federal hökümetiniň Türkmenistandan bahasy we ýokary hili bilen tapawutlanýan suwuklandyrylan gazy import etmek üçin taýýardygyny aýtdylar.

Pakistanyň hökümeti Owganystanyň üsti bilen Türkmenistandan suwuklandyrylan tebigy gazy import etmek üçin meýilnamalary taýýarlady diýip, Pakistanyň “Profit” žurnaly çarşenbe güni habar berdi.

Habarda bellenilişi ýaly, bu meýilnamalar wajyp tassyklamalar kabul edilenden soň güýje girer.

Meýilnamalary taýýarlamagyň üstünde işleýän hünärmenleriň aýtmagyna görä, Kwetta şäheriniň gümrük işgärleri gyzyklanma bildirýän degişli taraplar bilen maslahatlaşandan soň, Pakistanyň Federal girdeji geňeşine suwuklandyrylan gazy Çaman serhedinden import etmek meýilnamasyny iberdi. Şeýle hem hünärmenler Pakistanyň Federal hökümetiniň Türkmenistandan bahasy we ýokary hili bilen tapawutlanýan suwuklandyrylan gazy import etmek üçin taýýardygyny aýtdy.

Şeýle hem suwuklandyrylan gazy import etmek üçin ähli zerur taýýarlyk işleriniň geçirilendigi we Çaman serhedindäki gümrük işgärleri möhüm taýýarlyklardan soň suwuklandyrylan gazyň Pakistana geçirilmegine rugsat berjekdigi habarda mälim edildi.

“Profit” žurnalynyň habaryna görä, Pakistanda tebigy gaz ätiýaçlyklarynyň ýokary depginde azalmagy, ýurtda gaz ýetmezçiligine getirýär. Şeýle-de gyş aýlarynda dünýäde suwuklandyrylan gaza bolan islegiň artmagy onuň bahasynyň ýokarlanmagyna sebäp bolýar.

Türkmenistan-Owganystan-Pakistan-Hindistan (TOPH) gaz geçirijisiniň gurluşygy boýunça häzirki wagtda degişli işler alnyp barylýar. Dünýäniň ikinji iň uly gaz gory bolan Galkynyş ýatagyndan Hindistanyň Pakistan bilen serhediniň golaýynda ýerleşen Fazilka şäherine çenli uzaýan 1 müň 800 kilometrlik TOPH gaz geçirijisiniň ýylda 33 milliard kubmetr tebigy gazy daşamagyna garaşylýar.

Täzelikleriňizi ýollaň
Ugratmak
2022