TNGIZT AI-98 awtomobil benzininiň senagat önümçiligine başlady

BIZNES TÜRKMENISTAN
TNGIZT AI-98 awtomobil benzininiň senagat önümçiligine başlady
Türkmenbaşynyň nebiti gaýtadan işleýän zawodlar toplumynyň önümleri içerki bazarda ýerlenilýär we şol bir wagtyň özünde daşary ýurtlara, esasan Aziýa hem-de Ýewropa döwletlerine ugradylýar.

Türkmenbaşynyň nebiti gaýtadan işleýän zawodlar toplumynda pes oktanly benzinden onuň hilini gowulandyryjy madda we düzümini üýtgediji madda goşulyp taýýarlanylýan ýokary oktanly AI-98 awtomobil benzininiň senagat taýdan önümçiligi ýola goýuldy.

Bu belgili benzin kameradaky basyşy artdyrmagyň hasabyna aňryçäk güýjüni görkezmäge ukyply hereketlendirijilere niýetlenen ýokary oktanly ýangyçdyr. AI-98 benzini esasan 12-den 14-e çenli ýokary gysyşly awtomobil motorlarynda ulanylýar. Bu barada Türkmenistanyň resmi metbugaty penşenbe güni habar berdi.

Ýokary antidetonasinon häsiýetleri (oktan sypatlary) netijesinde benzin hereketlendirijiniň kuwwatyny ýokarlandyrýar we awtoulagyň işleýiş sesini peseldip, tizlik alşyny ýokarlandyrýar, ýangyjyň harç edijiligini ep-esli azaldýar. Ýokary oktanly benziniň birinji tapgyry içerki bazarda synagdan geçirildi diýlip habarda bellenilýär.

Türkmenbaşynyň nebiti gaýtadan işleýän zawodlar toplumynyň önümleri içerki bazarda ýerlenilýär we şol bir wagtyň özünde daşary ýurtlara, esasan Aziýa hem-de Ýewropa döwletlerine ugradylýar. AI-98 awtomobil benzini esasnda eksport üçin niýetlenendir.

Balkan welaýatynda ýerleşýän TNGIZT 1943-nji ýylda esaslandyrylyp, sebitiň öňdebaryjy nebiti gaýtadan işleýän desgalarynyň biri bolup durýar. TNGIZT-da A-92, A-95, A-80 görnüşli benzin, tehniki kerosin, reaktiw hem dizel ýangyjy, mazut, çalgy ýaglary, polipropilen, peç ýangyjy, gazoýl, nebit elektrod koksy, suwuklandyrylan gaz, gurluşyk we ýol bitumy, kükürt ýaly önümleriň 20-den gowragy öndürilýär.

2022