Ýanwar-oktýabr: Türkmen-gyrgyz söwda dolanyşygy 179% artdy

BIZNES TÜRKMENISTAN
Ýanwar-oktýabr: Türkmen-gyrgyz söwda dolanyşygy 179% artdy
Şu ýylyň geçen on aýynda Gyrgyzystan 71,78 million ABŞ dollaryndan gowrak bolan türkmen önümlerini import etdi.

Gyrgyzystanyň Türkmenistan bilen daşary söwda dolanyşygy şu ýylyň ýanwar-oktýabr aýlarynda 76 million ABŞ dollaryndan gowrak bolup, geçen ýylyň degişli döwri bilen deňeşdirilende 179 göterim ýokarlandy. Bu barada Gyrgyzystanyň Milli statistika komiteti penşenbe güni çap eden hasabatynda mälim etdi.

Geçen ýylyň birinji on aýynda iki ýurduň arasyndaky söwda dolanyşygy 27,26 million ABŞ dollaryndan gowrak bolupdy.

Şu ýylyň geçen on aýynda Gyrgyzystan 71,78 million ABŞ dollaryndan gowrak bolan türkmen önümlerini import edip, bu görkeziji geçen ýylyň degişli döwri bilen deňeşdirilende iki essä golaý ýokarlandy. Şol bir wagtyň özünde, ýurduň Türkmenistana eksporty 4,27 million ABŞ dollaryna golaý bolup, geçen ýylyň degişli döwri bilen deňeşdirilende 28,7 göterim artdy.

Hasabatda bellenilişi ýaly, on aýyň dowamynda Gyrgyzystana esasy eksport edilen türkmen önümleriniň hatarynda nebit we gök önümleri hem-de elektrik energiýasy bardyr.

Gyrgyzystanyň 2022-nji ýylyň ýanwar-oktýabr aýlarynda umumy daşary söwda dolanyşygy 9,65 milliard ABŞ dollaryndan geçdi we bu görkeziji 2021-nji ýylyň degişli döwri bilen deňeşdirilende 41,2 göterim ýokarlandy.

2022