Türkmenistanyň eksporty ýanwar-noýabr aýlarynda 50% ýokarlandy

BIZNES TÜRKMENISTAN
Türkmenistanyň eksporty ýanwar-noýabr aýlarynda 50% ýokarlandy
Şu ýylyň ýanwar-noýabr aýlarynda önümleri öndürmegiň möçberi geçen ýylyň degişli döwri bilen deňeşdirilende 11 göterim ýokarlandy.

Türkmenistanyň Prezidenti Serdar Berdimuhamedow anna güni sanly ulgam arkaly geçirilen Ministrler Kabinetiniň giňişleýin mejlisinde şu ýylyň ýanwar-noýabr aýlarynda eksporta niýetlenen önümleri artdyrmak boýunça çäreleriň amala aşyrylmagy netijesinde, dürli görnüşli önümleriň eksport edilen möçberiniň geçen ýyl bilen deňeşdirlende 50 göterime golaý artandygyny mälim etdi.

Ministrler Kabinetiniň giňişleýin mejlisine wise-premýerler, welaýatlaryň häkimleri, Aşgabat şäheriniň häkimi hem-de Türkmenistanyň Milli Geňeşiniň wekilleri gatnaşdy.

Döwlet Baştutanymyz daşary ýurtlardan getirilýän harytlaryň ornuny tutýan önümleri özümizde öndürmek we täze görnüşli önümleri öndürmegiň hasabyna eksporty artdyrmak boýunça işleri dowam etdirmelidigini nygtady. Bu barada Türkmenistanyň resmi metbugaty habar berdi.

Türkmenistanyň Ministrler Kabinetiniň Başlygynyň ykdysady, bank we halkara maliýe guramalary meseleleri boýunça orunbasary Hojamyrat Geldimyradowyň on bir aýyň jemleri boýunça ýerine ýetirilen işleriň netijeleri baradaky hasabatynda jemi içerki önümiň ösüş depgininiň 6,2 göterim derejesinde durnukly saklanýandygyny we geçen ýylyň degişli döwri bilen deňeşdirilende önümleri öndürmegiň möçberiniň bolsa 11 göterim artandygyny habar berdi.

Şeýle hem şu ýylyň ýanwar-noýabr aýlarynda bölek-satuw haryt dolanyşygynyň möçberi geçen ýylyň degişli döwri bilen deňeşdirilende 10,6 göterim, daşary söwda dolanyşygy bolsa 35,7 göterim artdy.

Hasabata görä, 2022-nji ýylyň on bir aýynda maliýeleşdirmegiň ähli çeşmeleriniň hasabyna özleşdirilen düýpli maýa goýumlaryň möçberi 2021-nji ýylyň degişli döwri bilen deňeşdirilende 14,1 göterim artdy.

Ministrler Kabinetiniň giňişleýin mejlisiniň ahyrynda Türkmenistanyň Prezidenti Serdar Berdimuhamedow mejlise gatnaşyjylara ýüzlenip, dünýä ykdysadyýetindäki çylşyrymly ýagdaýlara we aýry-aýry pudaklaryň işinde bar bolan kemçiliklere garamazdan, şu ýyl milli ykdysadyýetimiziň ýokary depginli ösüşiniň saklanýandygyny aýtdy.

Türkmenistanyň Ministrler Kabinetiniň giňişleýin mejlisiniň dowamynda ýurdumyzyň durmuş-ykdysady ösüşiniň ileri tutulýan meseleleri ara alnyp maslahatlaşyldy.

2022