Türkmenistan nebit-gaz pudagyndaky önümçilik görkezijilerini mälim etdi

BIZNES TÜRKMENISTAN
Türkmenistan nebit-gaz pudagyndaky önümçilik görkezijilerini mälim etdi
Türkmenbaşydaky nebiti gaýtadan işleýän zawodlar toplumynda nebiti gaýtadan işlemek boýunça meýilnama 109,2 göterim ýerine ýetirildi.

Türkmenistanyň Ministrler Kabinetiniň Başlygynyň ýangyç-energetika toplumyna gözegçilik edýän orunbasary Şahym Abdrahmanow anna güni sanly ulgam arkaly geçirilen Ministrler Kabinetiniň giňişleýin mejlisinde gözegçilik edýän pudaklarynda şu ýylyň on bir aýynda durmuşa geçirilen işleriň netijeleri, şol sanda nebit we gaz kondensatyny çykarmak boýunça gazanylan tehniki-ykdysady görkezijiler barada Türkmenistanyň Prezidenti Serdar Berdimuhamedowa hasabat berdi.

Wise-premýeriň hasabatyna görä, 2022-nji ýylyň ýanwar-noýabr aýlarynda nebiti gaýtadan işlemek boýunça meýilnama, hususan-da, “Türkmennebit” döwlet konserniniň Türkmenbaşydaky nebiti gaýtadan işleýän zawodlar toplumynyň meýilnamasy 109,2 göterim ýerine ýetirildi. Bu barada Türkmenistanyň resmi metbugaty habar berdi.

Şu ýylyň on bir aýynda benzin öndürmegiň meýilnamasynyň 114,9 göterim, dizel ýangyjyny öndürmegiň meýilnamasynyň 110,4 göterim, polipropileni öndürmegiň meýilnamasynyň 119,6 göterim, çalgy ýaglaryny öndürmegiň meýilnamasynyň 104,7 göterim, suwuklandyrylan gazy öndürmegiň meýilnamasynyň 107 göterim, şeýle-de tebigy we ugurdaş gazy çykarmagyň meýilnamasy 113,6 göterim ýerine ýetirilendigi bellenildi.

Bulardan başga-da, Şahym Abdrahmanow “mawy ýangyjy” daşary ýurtlara ibermek boýunça meýilnama 124,7 göterim berjaý edilendigini aýtdy.

Türkmenistanyň Ministrler Kabinetiniň giňişleýin mejlisiniň dowamynda ýurdumyzyň durmuş-ykdysady ösüşiniň ileri tutulýan meseleleri ara alnyp maslahatlaşyldy.

Täzelikleriňizi ýollaň
Ugratmak
2022