Türkmenistanyň ulag-aragatnaşyk toplumy boýunça 2022-nji ýylyň ýanwar-noýabr aýlarynda ýerine ýetirilen işleriň we hyzmatlaryň ösüş depgini 115,1 göterime deň boldy diýip, Türkmenistanyň Ministrler Kabinetiniň ýanyndaky Ulag we kommunikasiýalar agentliginiň Baş direktory Mämmethan Çakyýew anna güni sanly ulgam arkaly geçirilen Ministrler Kabinetiniň giňişleýin mejlisinde Türkmenistanyň Prezidenti Serdar Berdimuhamedowa hasabat berdi.
Mämmethan Çakyýewiň gözegçilik edýän edaralarynda şu ýylyň on bir aýynda alnyp barlan işleriň netijeleri boýunça beren hasabatyna görä, awtomobil, demir ýol, howa, deňiz we derýa ulaglary bilen ýük daşamagyň meýilnamasy 112,2 göterim we ýolagçy gatnawlary boýunça meýilnama 104,7 göterim ýerine ýetirildi. Bu barada Türkmenistanyň resmi metbugaty habar berdi.
Bellenilişi ýaly, ýanwar-noýabr aýlarynda “Türkmendemirýollary” agentligi boýunça ýerine ýetirilen hyzmatlaryň ösüş depgini 105,2 göterime, “Türkmenawtoulaglary” agentligi boýunça 129,8 göterime, “Türkmendeňizderýaýollary” agentligi boýunça 109,3 göterime, “Türkmenaragatnaşyk” agentligi boýunça bolsa 107,7 göterime deň boldy.
Şeýle hem Türkmenistanyň Ministrler Kabinetiniň ýanyndaky Ulag we kommunikasiýalar agentliginiň Baş direktory elektron enjamlar bilen enjamlaşdyrylan awtotürgenleşik meýdançalarynyň, paýtagtymyzyň Halkara howa menzilinde angarlar toplumynyň, Jebel şäherçesinde täze Halkara howa menziliniň, Ahal welaýatynyň täze döwrebap edara ediş merkezinde welaýat boýunça ulag we kommunikasiýa toplumynyň edara binasynyň, Türkmenbaşy şäherinde toplumyň işgärleri üçin ýaşaýyş jaýlarynyň hem-de Serhetabat-Turgundy demir ýol geçelgesinde demir ýol köprüsiniň gurluşyk işleriniň alnyp barylýandygyny habar berdi.
Türkmenistanyň Ministrler Kabinetiniň giňişleýin mejlisiniň dowamynda ýurdumyzyň durmuş-ykdysady ösüşiniň ileri tutulýan meseleleri ara alnyp maslahatlaşyldy.