“Türkmennebit” döwlet konserniniň Türkmenbaşydaky nebiti gaýtadan işleýän zawodlar toplumy boýunça 2022-nji ýylyň ýanwar-noýabr aýlarynda 4 million 483,5 müň tonna nebit gaýtadan işlenildi. Bu barada Türkmenistanyň resmi metbugaty duşenbe güni habar berdi.
Şeýle-de şu ýylyň geçen hasabat döwründe kärhanada 1 million 400 müň tonnadan gowrak awtoulag benzinleriniň dürli görnüşleri taýýarlanylyp, öňde goýulan meýilnama 115 göterim ýerine ýetirildi.
Bellenilişi ýaly, Türkmenbaşydaky nebiti gaýtadan işleýän zawodlar toplumynda şu ýylyň on bir aýynda kerosin öndürmegiň meýilnamasy 110,7 göterim, çalgy ýaglary 104,7 göterim, suwuklandyrylan gaz 119,8 göterim ýerine ýetirildi. Şeýle hem nebit bitumy boýunça tabşyrygy 1,5 esseden hem köp amal edildi.
Şu ýylyň ýanwar-noýabr aýlarynda bu kärhana 4 million 510 müň tonnadan gowrak nebit çig maly gelip gowuşdy.