Türkmenistanyň halkara ýük dolanyşygynda 2022-nji ýylyň ýanwar-noýabr aýlarynda konteýnerli ýük daşamalary geçen ýylyň degişli döwri bilen deňeşdirilende 41 göterim ýokarlandy. Bu barada Türkmenistanyň Döwlet gümrük gullugy çarşenbe güni habar berdi.
Maglumatlara görä, 2021-nji ýylda Türkmenistanyň konteýnerli ýük daşamalary 2020-nji ýyl bilen deňeşdirilende 157 göterim artdy.
Bellenilişi ýaly, Türkmenistanyň çäginden geçýän halkara ulag-üstaşyr geçelgeleriniň mümkinçiliklerini ösdürmek maksady bilen Döwlet gümrük gullugynyň öňünde möhüm wezipeler kesgitlenildi. Bu wezipeleriň biri hem, gümrük serhedinde konteýnerli ýük daşamalar üçin amatly şertleriň üpjün edilmegi bolup durýar.
Şeýle hem ýurdumyzyň çäginden amatly usul bilen ýük daşamagy üpjün edýän ygtybarly şertler döredildi. 2020-nji ýylda Türkmenistanyň Gümrük kodeksine girizilen üýtgetmelere laýyklykda, "konteýner" "ulag serişdesi" diýen düşünjä degişli edildi. Ozal "konteýner" sözi "gaýtadan ulanylýan gaplama" manysynda ulanylýardy. 2021-nji ýylda bolsa, Türkmenistan Konteýnerlere degişli gümrük Konwensiýasyna hem-de Konteýner goruna geçirilen we halkara daşamalarynda ulanylýan konteýnerler üçin gümrük düzgüni hakyndaky Konwensiýa goşuldy diýip, habarda aýdylýar.
Türkmenistanyň Döwlet gümrük gullugynyň metbugat beýanatyna görä, “Lapis Lazuli” we Ýewropa-Kawkaz-Aziýa (TRASEKA) halkara ulag geçelgeleriniň ugrunda ýerleşýän Türkmenbaşy halkara deňiz porty geçirijilik ukyby boýunça uly kuwwatlylyga eýedir. Türkmenbaşy halkara deňiz portynda demir ýol, gara ýol we howa ulaglary arkaly gelýän ýükleriň üstaşyr iberilmegi boýunça iş alyp barýan konteýner terminaly bolup, onuň geçirijilik kuwwaty ýylda 400 müň konteýnere barabardyr.