Özbegistanyň Türkmenistan bilen daşary söwda dolanyşygy 2022-nji ýylyň ýanwar-noýabr aýlarynda 858,6 million ABŞ dollaryna deň bolup, geçen ýylyň degişli döwri bilen deňeşdirilende 12,8 göterim ýokarlandy. Bu barada Özbegistanyň Statistika baradaky döwlet komitetiniň sişenbe güni çap eden hasabatynda maglumat berildi.
Şu ýylyň geçen on bir aýynda Özbegistanyň Türkmenistandan importy 674,3 million ABŞ dollaryna barabar bolup, geçen ýylyň degişli döwri bilen deňeşdirilende 15,1 göterim artdy. Şol bir wagtyň özünde ýurduň Türkmenistana eksporty 5 göterim ýokarlanyp, 184,3 million ABŞ dollaryna deň boldy. Şeýlelikde, Türkmenistan Özbegistanyň söwda hyzmatdaşlarynyň ilkinji onlugyna girdi.
Özbegistanyň ýanwar-noýabr aýlarynda daşary söwda dolanyşygy 44,94 milliard ABŞ dollaryna deň bolup, 2021-nji ýylyň degişli döwri bilen deňeşdirilende 6,84 milliard ABŞ dollaryndan gowrak ýa-da 18 göterim ýokarlandy.
Şu ýylyň geçen on bir aýynda Özbegistanyň Russiýa bilen söwda dolanyşygy 8,33 milliard ABŞ dollaryndan geçdi. Özbegistanyň importy 5,54 milliard ABŞ dollaryndan gowrak bolup, eksporty bolsa 2,8 milliard ABŞ dollaryna golaýlady.
Hasabat döwründe Özbegistanyň beýleki daşary ýurt söwda hyzmatdaşlarynyň arasyna Hytaý (8,17 milliard ABŞ dollaryndan gowrak), Gazagystan (4,2 milliard ABŞ dollaryna golaý), Türkiýe (2,9 milliard ABŞ dollaryndan gowrak), Günorta Koreýa (2,16 milliard ABŞ dollaryndan gowrak), Gyrgyzystan (1,12 milliard ABŞ dollary), Germaniýa (941,6 million ABŞ dollary), Owganystan (673,1 million ABŞ dollary) we Hindistan ( 626,6 million ABŞ dollary) girdi.
Türkmenistan bilen Özbegistanyň söwda dolanyşygy 2021-nji ýylda 881 million 900 müň ABŞ dollaryna deň boldy. Bu görkeziji 2020-nji ýyl bilen deňeşdirilende 61 göterim ýokarydyr.