Ýaponiýanyň Daşary söwda guramasyna Türkmenistanda ofis açmak teklip edildi

BIZNES TÜRKMENISTAN
Ýaponiýanyň Daşary söwda guramasyna Türkmenistanda ofis açmak teklip edildi
Duşuşyk 21-24-nji dekabr aralygynda türkmen wekiliýetiniň Ýaponiýanyň paýtagty Tokio şäherine eden saparynyň çäginde geçirildi.

Türkmenistanyň Daşary işler ministri Raşid Meredow çarşenbe güni Tokio şäherinde Ýaponiýanyň Daşary söwdany ösdürmek boýunça guramasynyň (JETRO) Baş direktory Nobuhiko Sasaki bilen duşuşyk geçirdi. Duşuşygyň dowamynda türkmen tarapy kiçi we orta göwrümli ýapon kärhanalaryny Türkmenistanda we şoňa görä türkmen işewürleriniň Ýaponiýada söwda boýunça iş alyp barmagy üçin JETRO ofisiniň açylmagynyň mümkinçiligini öwrenmegi teklip etdi.

Duşuşyk 21-24-nji dekabr aralygynda türkmen wekiliýetiniň Ýaponiýanyň paýtagty Tokio şäherine eden saparynyň çäginde geçirildi.

Duşuşygyň başynda Türkmenistanyň Daşary işler ministri Raşid Meredow 2022-nji ýylyň sentýabr aýynda Türkmenistanyň Milli Geňeşiniň Halk Maslahatynyň Başlygy Gurbanguly Berdimuhamedowyň Ýaponiýa eden iş saparynyň dowamynda öňe süren başlangyçlarynyň möhümdigini belläp geçdi. Bu barada Türkmenistanyň DIM-niň metbugat gullugy habar berdi.

Şeýle hem türkmen tarapy Türkmenistanda öndürilýän ýokary bahaly önümleri eksport etmek üçin Ýaponiýada Türkmenistanyň Söwda öýüniň açylmagyna ýardam berilmegini teklip etdi we Türkmenistanda Ýaponiýanyň Söwdä wekilhanasynyň açylmagy göz öňünde tutulýandygyny aýtdy.

JETRO gurmasynyň Baş direktory Türkmenistan bilen özara peýdaly hyzmatdaşlygy artdyrmak isleýändigini tassyklady we dürli ugurlar boýunça biziň ýurdumyzda durmuşa geçirilýän taslamalara işjeň gatnaşmaga taýýardygyny mälim etdi.

Saparyň çäginde türkmen wekiliýeti ykdysady hyzmatdaşlyk boýunça Ýapon-Türkmen we Türkmen-Ýapon komitetleriniň 14-nji bilelikdäki mejlisine, şeýle hem Türkmenistanyň Daşary işler ministri “Merkezi Aziýa+Ýaponiýa” Dialogynyň 9-njy mejlisine gatnaşar, mundan başga-da wekiliýet Hökümetde, Parlamentde, degişli ministrliklerde we edaralarda duşuşyklary geçirer.

Täzelikleriňizi ýollaň
Ugratmak
2022