Türkmenistanyň döwlet gümrük gullugy täze Belgili şahsy möhürleri güýje girizýär

BIZNES TÜRKMENISTAN
Türkmenistanyň döwlet gümrük gullugy täze Belgili şahsy möhürleri güýje girizýär
Türkmenistanyň Döwlet gümrük gullugy 1991-nji ýylyň 4-nji noýabrynda döredildi.

Türkmenistanyň döwlet gümrük gullugy duşenbe güni 2023-nji ýylyň 1-nji ýanwaryndan başlap Türkmenistanyň Döwlet gümrük gullugynyň Belgili şahsy möhürleriniň täze nusgasynyň güýje girýändigini habar berdi.

Şunuň bilen baglylykda, görkezilen seneden başlap, özge möhür bilen resmileşdirilen gümrük resminamalaryň güýjüni ýitiren diýlip hasap edilýär.

Täze möhürleriň güýje girmegi Türkmenistanyň Döwlet gümrük gullugynyň başlygynyň 2022-nji ýylyň 7-nji dekabryndaky çykaran 88-nji buýrugyna laýyklykda amala aşyrylýar.

1991-nji ýylyň 4-nji noýabrynda döredilen Türkmenistanyň Döwlet gümrük gullugy Türkmenistanyň gümrük ulgamynyň işini düzgünleşdirmek babatdaky döwlet syýasatynyň durmuşa geçirilmegini, gümrük meseleleri boýunça halkara borçnamalarynyň berjaý edilmegini üpjün edýän, şeýle hem işleri bilen baglanyşykly kontrabanda we beýleki jenaýatlara, dolandyryş hukuk tertibiniň bozulmalaryna garşy göreşi amala aşyrýan döwlet dolandyryş edarasy bolup durýar.

2022