Elektron söwda 2023: täze tendensiýalara üns bermek

Nurmyrat Mommaýew
Elektron söwda 2023: täze tendensiýalara üns bermek
Onlaýn usulda iş alyp barýan kärhanalaryň işleri pandemiýadan soňky “kadalaşma” döwründe peselmän, eýsem ösmegini dowam etdirdi

Kärhanalar her ýyl öz ösüşleri boýunça meýilnamalar düzüp, bu ugurda ýüze çykyp biljek kynçylyklary we mümkinçilikleri kesgitleýärler. 2022-nji ýyl, hut 2021-nji ýylda bolşy ýaly pandemiýanyň üstesinden gelmek baradaky soraglar bilen başlandy. Iň möhüm soraglaryň biri hem ähli işlerini onlaýn usulda alyp barýan kärhanalaryň pandemiýadan soňky “kadalaşma” döwründe işlerini dowam etdirmekleri boldy.

Bu soraglaryň käbirine jogap tapyldy. Onlaýn usulda iş alyp barýan kärhanalaryň işleri pandemiýadan soňky “kadalaşma” döwründe peselmän, eýsem ösmegini dowam etdirdi. Onlaýn satuw önümleri we hyzmatlary satyn almak üçin ileri tutulýan usula öwrüldi. Başgaça aýdylanda, dünýäniň köp ýerinde onlaýn söwda öýde oturan ýeriňde, köp sanly önüme elýeterlilik üçin mümkinçilik döredýändigi sebäpli has ileri tutulýar.

Hat-da onlaýn söwda işine täze başlan kärhanlar hem pandemiýadan soňky döwürde söwdalaryny ýokarlandyrdylar. Ähli çaklamalaryň tersine, şu ýyl diňe “Ajaýyp anna” (Black Friday) arzanlaşyk günlerinde onlaýn satuwlar 40 milliard ABŞ dollaryndan geçdi. Arzanlaşyk günlerinde elektron platformalar arkaly satylan harytlaryň mukdary diňe ABŞ-da 9 milliard ABŞ dollaryna barabar bolup, bu görkeziji 2021-nji ýyl bilen deňeşdirilende 2,3 göterim köpdir. Bu mukdar inflýasiýany we resessiýany başdan geçirýän hem-de dünýä söwdasyna göniden-göni täsir edýän ýurt hökmünde ABŞ üçin möhümdir.

Tehnologiýalaryň hemmeler üçin diýen ýaly elýeterli bolmagy onlaýn satuw işiniň kämilleşmegine sebäp bolýar. Tehnologiýa önümleri we hyzmatlary satmak hem-de satyn almak usulymyzy düýpgöter üýtgetdi. Tehnologiýanyň kömegi bilen dürli pudaklarda we bazarlarda täzeçil strategiýalar we iş prosesleri döredilýär. Häzirki wagtda tehnologiýa köpri, täze başlangyçlar üçin meýdança bolup çykyş edýär. Adamlary birleşdirýän, şeýle-hem täze müşderileri we önümleri döredýän gurallar toplumyny hödürleýär.

Kärhananyň esasy maksady elektron ýa-da fiziki platformalarda harytlary we hyzmatlary satmak, belli bir wezipä we gymmatlyklara eýe bolmakdyr. Kärhanany ýa-da öndürilen önümi tehnologiýany merkezleşdirmek arkaly kämilleşdirmek ýa-da öndürijiligi ýokarlandyrmak üçin tehnologiýany giňden ulanmak işleriň netijeliligini ýokarlandyrýar. Kärhanalaryň maslahat berip biljek hyzmatdaşlary bolup biler, ýöne häzirki döwürde tehnologiýalardan peýdalanmak ähli işleriň ýerine ýetirilmeginde möhüm orny tutýandygy ýatdan çykarylmaly däldir.

Nurmyrat Mommaýew,

Türkiýäniň Stambul şäherinde ýerleşýän Marmara uniwersitetiniň Syýasat ylymlary we halkara gatnaşyklar bölüminiň doktoranty

2022