Ýanwar-noýabr: Türkmenistanda nagt däl pul dolanyşygy 12,9 milliard manatdan geçdi

BIZNES TÜRKMENISTAN
Ýanwar-noýabr: Türkmenistanda nagt däl pul dolanyşygy 12,9 milliard manatdan geçdi
Bankomatlaryň üsti bilen ýerine ýetirilen nagt däl hasaplaşyklaryň umumy möçberi 246 million 200 müň 974 manada deň boldy.

2022-nji ýylyň ýanwar-noýabr aralygynda Türkmenistanda bank kartlary boýunça nagt däl pul dolanyşygynyň umumy möçberi 12 milliard 908 million 564 müň 286 manada barabar boldy.

Merkezi bankyň Bank işlerini awtomatizasiýalaşdyryş müdirliginiň mälim eden maglumatlaryna görä, degişli döwürde terminallaryň üsti bilen amala aşyrylan nagt däl pul hasaplaşyklarynyň umumy möçberi 12 milliard 84 million 195 müň 66 manada deň boldy.

Merkezi bankyň maglumatlaryna görä, şolaryň arasynda 2022-nji ýylyň ýanwar-noýabr aralygynda “Elektron-söwda” ulgamlary arkaly 541 million 690 müň 344 manatlyk söwda edilip, “Mobil bank” ulgamy arkaly 12 million 486 müň 272 manada deň bolan hasaplaşyk amala aşyryldy.

Şeýle hem, bankomatlaryň üsti bilen ýerine ýetirilen nagt däl hasaplaşyklaryň umumy möçberi 246 million 200 müň 974 manada we “Internet bank” ulgamy arkaly 1 million 537 müň 820 manada deň boldy.

Mundan başga-da, bankyň mälim eden maglumatlaryna görä, “Halkbank terminal” ulgamy arkaly 22 million 453 müň 810 manat nagt däl pul dolanyşygy amala aşyryldy.

“Biznes Türkmenistan” internet neşiriniň ozal habar berşi ýaly, 2022-nji ýylyň ýanwar-oktýabr aralygynda Türkmenistanda bank kartlary boýunça nagt däl pul dolanyşygynyň umumy möçberi 11 milliard 520 million 717 müň 233 manada barabar boldy.

Täzelikleriňizi ýollaň
Ugratmak
2022