Özbegistan Türkmenistandan 12,7 müň tonna sement import etdi

BIZNES TÜRKMENISTAN
Özbegistan Türkmenistandan 12,7 müň tonna sement import etdi
Şu ýylyň ilkinji on bir aýynda Özbegistan 87,4 million ABŞ dollaryna deň bolan sementiň 2,1 million tonnasyny import etdi.

Özbegistan 2022-nji ýylyň ýanwar-noýabr aýlarynda Türkmenistandan 12,7 müň tonna sement import etdi. Bu barada Özbegistanyň Statistika baradaky döwlet komitetiniň maglumatyna salgylanyp, “UzDaily” habarlar gullugy duşenbe güni habar berdi.

Şeýlelik bilen, Türkmenistan goňşy ýurdy sement bilen üpjün ediji bäşinji iri döwlet boldy.

Şu ýylyň ilkinji on bir aýynda Özbegistan 87,4 million ABŞ dollaryna deň bolan sementiň 2,1 million tonnasyny import etdi. Özbegistanyň Statistika baradaky döwlet komitetiniň maglumatlaryna görä, sementiň importy geçen ýylyň degişli döwri bilen deňeşdirilende 420 müň tonna azaldy.

Hasabat döwründe Türkmenistandan başga-da, Özbegistany sement bilen üpjün eden beýleki daşary ýurt söwda hyzmatdaşlarynyň arasyna Täjigistan (903 müň tonna), Gyrgyzystan (623,5 müň tonna), Gazagystan (558,6 müň tonna), Eýran (17,6 müň tonna), Hytaý (1,4 müň tonna) we Russiýa (1,1 müň tonna) girdi.

Özbegistanyň Türkmenistan bilen daşary söwda dolanyşygy 2022-nji ýylyň ýanwar-noýabr aýlarynda 858,6 million ABŞ dollaryna deň bolup, geçen ýylyň degişli döwri bilen deňeşdirilende 12,8 göterim artdy.

2022