Türkmenabadyň himiýa zawody 270,5 müň tonnadan gowrak fosfor dökünlerini öndürdi

BIZNES TÜRKMENISTAN
Türkmenabadyň himiýa zawody 270,5 müň tonnadan gowrak fosfor dökünlerini öndürdi
Türkmenabadyň himiýa zawody ýyllyk meýilnamany 120,8 göterim ýerine ýetirdi.

“Türkmenhimiýa” döwlet konserniniň garamagyndaky Türkmenabadyň himiýa zawody geçen ýyl boýunça oba hojalygy üçin möhüm serişde bolan fosforly mineral dökünleriň 270,5 müň tonnadan gowragyny öndürdi.

Türkmenabadyň himiýa zawody ýyllyk meýilnamany 120,8 göterim ýerine ýetirdi. Bu barada Türkmenistanyň resmi metbugaty penşenbe güni habar berdi.

Zawodda geçen ýylyň dowamynda 111 müň tonnadan gowrak kükürt kislotasy öndürildi.

Şeýle hem, kärhana oba hojalyk ulgamynda ekinleri zyýankeşlerden goramaklyga niýetlenen kükürtli himiki serişdeleri, lukmançylyk we tehniki kislorod öndürýär.

Mundan başga, kärhana bilelikdäki önümçiligi ýola goýmagy maksat edinýän hususy pudagyň wekilleri bilen hem hyzmatdaşlygy işjeň ösdürýär. Şeýle hyzmatdaşlygyň mysallaryndan biri, zawodda ulaglar üçin niýetlenen akkumulýatorlary bilelikde öndürýän “Kökçi” hojalyk jemgyýetidir. Kompaniýa geçen ýyl 28 million manada golaý akkumulýator öndürdi.

1960-njy ýylda gurlan Türkmenabadyň himiýa zawody häzirki wagtda Türkmenistanda iň uly himiýa önümçiliginiň biridir. Zawod önümhanalaryň 26-syny özüne birleşdirýär.

2022