Ýanwar-noýabr: Türkmenistan-Türkiýe söwda dolanyşygy $1,86 milliarddan geçdi

BIZNES TÜRKMENISTAN
Ýanwar-noýabr: Türkmenistan-Türkiýe söwda dolanyşygy $1,86 milliarddan geçdi
Türkmenistan geçen ýylyň 11 aýynyň dowamynda Türkiýä 865,12 million ABŞ dollaryndan gowrak bolan önüm eksport etdi.

Türkmenistan bilen Türkiýäniň özara söwda dolanyşygy geçen ýylyň ýanwar-noýabr aýlarynda 1,86 milliard ABŞ dollaryndan geçdi. Bu bolsa geçen ýylyň degişli döwri bilen deňeşdirilende 9,7 göterim ýokarydyr. Bu barada Türkiýäniň statistika institutynyň (TurkStat) beren maglumatynda habar berilýär.

Diňe geçen ýylyň noýabr aýynda iki ýurduň arasyndaky söwda dolanyşygy 235 million ABŞ dollaryna deň boldy.

Türkmenistan geçen ýylyň 11 aýynyň dowamynda Türkiýä 865,12 million ABŞ dollaryndan gowrak bolan önüm eksport etdi. Şeýle-de bu döwürde Türkmenistan 1 milliard dollardan gowrak türk harytlaryny import etdi.

Geçen ýylyň ýanwar-noýabr aýlarynda Türkiýänyň Merkezi Aziýa ýurtlary bilen söwda dolanyşygy 2021-nji ýylyň degişli döwri bilen deňeşdirilende 30 göterim ýokarlandy. Türkiýe bilen Merkezi Aziýanyň bäş ýurdunyň arasyndaky söwdanyň umumy mukdary 11,2 milliard ABŞ dollaryna barabar boldy.

2022