Ýanwar-noýabr: Türkmen-gruzin söwda dolanyşygy $176 milliona deň boldy

BIZNES TÜRKMENISTAN
Ýanwar-noýabr: Türkmen-gruzin söwda dolanyşygy $176 milliona deň boldy
Türkmenistanyň Gruziýa eksporty 2022-nji ýylyň ýanwar-noýabr aýlarynda 159 million ABŞ dollaryna ýetip, 2021-nji ýylyň degişli döwri bilen deňeşdirilende 15,6 göterim peseldi.

Türkmenistan bilen Gruziýanyň arasyndaky söwda dolanyşygy 2022-nji ýylyň ýanwar-noýabr aýlarynda 176 million ABŞ dollaryna deň bolup, geçen ýylyň degişli döwüri bilen deňeşdireniňde 11,4 göterim peseldi. Bu barada Gruziýanyň Milli statistika komitetine salgylanyp, “Trend” agentligi şenbe güni habar berdi.

2021-nji ýylyň degişli döwründe iki ýurduň arasyndaky söwda dolanyşygy 198,8 million ABŞ dollaryna deň bolupdy.

Türkmenistanyň Gruziýa eksporty 2022-nji ýylyň ýanwar-noýabr aýlarynda 159 million ABŞ dollaryna ýetip, 2021-nji ýylyň degişli döwri bilen deňeşdirilende 15,6 göterim peseldi.

Şeýle hem, 2022-nji ýylyň geçen on bir aýynda 2021-nji ýylyň degişli döwri bilen deňeşdirilende Türkmenistanyň Gruziýadan importy 66,9 göterim ýokarlanyp, 17 million 200 müň ABŞ dollaryna barabar boldy.

Türkmenistan 2021-nji ýylda nebit önümleri bilen Gruziýany esasy üpjün ediji ýurt boldy.

2022