Aşgabatda türkmen-rus işewürlik maslahaty geçiriler

BIZNES TÜRKMENISTAN
Aşgabatda türkmen-rus işewürlik maslahaty geçiriler
Aşgabatda geçiriljek forumyň çäginde iki ýurduň işewür geňeşleriniň bilelikdäki duşuşygy hem geçiriler.

Türkmenistanyň paýtagty Aşgabat şäherinde 19-20-nji ýanwar aralygynda türkmen-rus işewürlik maslahaty geçiriler.

Işewürlik maslahaty Russiýa bilen Türkmenistanyň işewür toparlarynyň we guramalarynyň arasynda söwda-ykdysady hem-de senagat hyzmatdaşlygyny çuňlaşdyrmak maksady bilen geçiriler. Bu barada Russiýanyň Söwda-senagat edarasy habar berdi.

Aşgabatda geçiriljek forumyň çäginde iki ýurduň işewür geňeşleriniň bilelikdäki duşuşygy hem geçiriler

Işewürlik maslahaty mejlisleri ulag-logistika, senagat, bilim, sanly ulgam we iki ýurduň kompaniýalarynyň arasyndaky beýleki ugurlar boýunça rus-türkmen hyzmatdaşlygynyň meselelerine gönükdiriler.

Mundan başga-da, işewürlik forumynyň ilkinji gününde senagata mahsus bolan B2B ýygnaklary geçiriler. Şeýle hem rus önüm öndürijileri üçin “Russiýanyň söwda öýi” atly söwda we sergi meýdançasynyň açylyş dabarasy bolar.

2022