Türkmenbaşydaky nebiti gaýtadan işleýän zawodlar toplumynda (TNGIZT) dizel fraksiýalaryny we benzinleri gidroarassalaýjy, wodorod öndürýän blokly katalitik kreking we kokslamak enjamlarynyň toplumyny gurmak meýilleşdirilýär. Bu barada Türkmenistanyň resmi metbugaty çarşenbe güni habar berdi.
Hususan-da, TNGIZT-da we SNGIZ-da dizel fraksiýalaryny we benzinleri gidroarassalaýjy, wodorod öndürýän blokly katalitik kreking we kokslamak enjamlarynyň toplumyny gurmak, şeýle-de nebiti gaýtadan işlemekden galan agyr galyndylary katalitik kreking usuly boýunça işleýän enjamy we ýokary hilli binýatlaýyn tehniki ýaglary öndürýän enjamy bu ýerde gurnamak meýilleşdirilýär. Täze tehnologik desgalaryň gurulmagy zawodlarda nebiti gaýtadan işlemegiň görkezijisini 90 göterimden hem artdyrmaga mümkinçilik berer diýip, habarda bellenilýär.
Häzirki wagtda TNGIZT-da haýal kokslandyrma we gudronyň deasfaltizasiýasy boýunça enjamlaryň gurluşygy tamamlanyp barýar. Toplumyň buýurmasy boýunça BAE-niň “WTL FZE” we ABŞ-nyň “Westport Trading Europe Limited” kompaniýalarynyň bilelikde amala aşyrýan taslamasynyň esasy wezipesi gudronyň we mazudyň agyr galyndylaryny gaýtadan işlemekden ybaratdyr. Enjamlaryň işe girizilmegi nebitiň gaýtadan işlenilmeginiň derejesini ýokarlandyrmak bilen bir hatarda, suwuklandyrylan gazyň, benziniň, dizel ýangyjynyň we nebit koksunyň öndürilýän mukdaryny artdyrmaga, şeýle hem goşmaça iş orunlaryny döretmäge mümkinçilik berer.
Türkmenistanyň nebitgaz senagatyny ösdürmegiň 2030-njy ýyla çenli döwür üçin Maksatnamasyna laýyklykda, ýakyn wagtda ýurdumyzyň dürli sebitlerinde täze gazhimiýa toplumlaryny, şol sanda pes dykyzlykly polietilen, izobutan, metanol, poliwinilasetat, suwuk hlor, natriý sulfatyny öndürmek boýunça toplumlary gurmak meýilleşdirilýär.