Parižde Türkmenistanyň we Fransiýanyň işewür toparlarynyň duşuşygy geçirildi

BIZNES TÜRKMENISTAN
Parižde Türkmenistanyň we Fransiýanyň işewür toparlarynyň duşuşygy geçirildi
Duşuşygyň dowamynda oňa gatnaşyjylar Türkmenistan bilen Fransiýanyň arasyndaky söwda we ykdysady gatnaşyklary ösdürmegiň geljegini ara alyp maslahatlaşdylar.

Fransiýa-Türkmenistan Söwda edarasynyň başlangyjy bilen Türkmenistanyň we Fransiýanyň işewür toparlarynyň wekilleriniň gatnaşmagynda penşenbe güni Parižde işewürlik duşuşygy geçirildi. Bu barada Türkmenistanyň Fransiýadaky ilçihanasynyň metbugat gullugy habar berdi.

Işewürlik duşuşygyna Türkmenistanyň Fransiýadaky ilçisi, Türkmenistanyň Döwlet haryt-çig mal biržasynyň (TDHÇMB) wekilleri, şeýle hem Fransiýanyň "VINCI Construction", "CIS Energy", "IN Groupe", "Thomson Broadcast", "Oberthur", "Saberatours" ýaly kompaniýalarynyň wekilleri gatnaşdylar.

Duşuşygyň dowamynda oňa gatnaşyjylar Türkmenistan bilen Fransiýanyň arasyndaky söwda we ykdysady gatnaşyklary ösdürmegiň geljegini ara alyp maslahatlaşdylar.

Türkmenistanyň Fransiýadaky ilçisi Maksat Çaryýew duşuşyga gatnaşyjylary Türkmenistanda daşary ýurt işewürligi üçin döredilen amatly şertler bilen tanyşdyrdy we himiýa, gaz we nebit-himiýa senagaty, dokma senagaty hem-de oba hojalygy ýaly ugurlarda fransuz işewürlerine türkmen tarapy bilen özara hyzmatdaşlygy alyp barmagy teklip etdi.

Şeýle hem söhbetdeşligiň dowamynda TDHÇMB-nyň wekili Türkmenistanyň biržasynda alnyp barylýan işler bilen tanyşdyrdy we onda amala aşyrylýan eksport söwdalary barada maglumat berdi.

Işewürlik duşuşygyň ahyrynda Türkmenistanyň we Fransiýanyň işewür toparlarynyň wekilleri özara peýdaly hyzmatdaşlygy ýola goýmak maksady bilen şeýle çäreleri yzygiderli geçirmek kararyna geldiler.

2022