Türkmenistanda gaz saklamak üçin ýerasty desgalary gurmak meýilleşdirilýär

BIZNES TÜRKMENISTAN
Türkmenistanda gaz saklamak üçin ýerasty desgalary gurmak meýilleşdirilýär
Wise-premýer Türkmenistanda şeýle taslamany ilkinji gezek durmuşa geçirmegiň meýilleşdirilýändigini aýtdy.

Türkmenistanyň Ministrler Kabinetiniň Başlygynyň ýangyç-energetika toplumyna gözegçilik edýän orunbasary Şahym Abdrahmanow Türkmenistanyň Prezidenti Serdar Berdimuhamedowyň anna güni sanly ulgam arkaly geçiren Ministrler Kabinetiniň nobatdaky mejlisinde Türkmenistanda gaz saklamak üçin niýetlenen ýerasty desgalary gurmak boýunça alnyp barylýan işler barada hasabat berdi.

Wise-premýer Türkmenistanda şeýle taslamany ilkinji gezek durmuşa geçirmegiň meýilleşdirilýändigini aýtdy. Bu barada Türkmenistanyň resmi metbugaty habar berdi.

Habarda bellenilişi ýaly, bu işi halkara tejribä laýyklykda ýola goýmak we alyp barmak, onuň tehniki-ykdysady esaslandyrmasyny taýýarlamak, taslamalaşdyrmak, enjamlaşdyrmak hem-de gurmak babatda halkara maslahatçy kompaniýalary işe çekmek meýilleşdirilýär.

Türkmenistanyň Prezidenti Serdar Berdimuhamedow gaz serişdelerini rejeli we netijeli ulanmagyň wajypdygyna ünsi çekip, bu ugurda ygtybarly hyzmatdaşlygy mundan beýläk-de ösdürmek boýunça çäreleri görmegiň zerurdygyny nygtady.

Türkmenistanyň Ministrler Kabinetiniň sanly ulgam arkaly geçirilen mejlisine döwlet durmuşyna degişli möhüm meseleler girizildi hem-de käbir resminamalaryň taslamalaryna garaldy.

 

2022