“Türkmenaragatnaşyk” agentligine Hytaý kompaniýasy bilen şertnama baglaşmaga ygtyýar berildi

BIZNES TÜRKMENISTAN
“Türkmenaragatnaşyk” agentligine Hytaý kompaniýasy bilen şertnama baglaşmaga ygtyýar berildi
Bu resminama “Türkmenistanda 2019 — 2025-nji ýyllarda sanly ykdysadyýeti ösdürmegiň Konsepsiýasyny” ýerine ýetirmekde alnyp barylýan işleri has-da kämilleşdirmek maksady bilen kabul edildi.

Türkmenistanyň Prezidenti Serdar Berdimuhamedow anna güni sanly ulgam arkaly geçirilen Ministrler Kabinetiniň nobatdaky mejlisinde Ministrler Kabinetiniň ýanyndaky Ulag we kommunikasiýalar agentliginiň “Türkmenaragatnaşyk” agentligine Türkmenistanda fiksirlenen telefon toruny giňeltmek bilen baglanyşykly enjamlary, programma üpjünçiliklerini we ygtyýarnamalary satyn almak, getirmek, gurnamak, işe girizmek we tehniki goldawy bermek boýunça Hytaýyň “Huawei Teсhnologies Сo., Ltd” kompaniýasy bilen şertnama baglaşmaga ygtyýar berýän Karara gol çekdi.

Bu resminama “Türkmenistanda 2019 — 2025-nji ýyllarda sanly ykdysadyýeti ösdürmegiň Konsepsiýasyny” ýerine ýetirmekde alnyp barylýan işleri has-da kämilleşdirmek maksady bilen kabul edildi. Bu barada Türkmenistanyň resmi metbugaty habar berdi.

Mejlisiň dowamynda Ministrler Kabinetiniň ýanyndaky Ulag we kommunikasiýalar agentliginiň Baş direktory Mämmethan Çakyýew sanly ulgama geçmekde öňdebaryjy tehnologiýalary ornaşdyrmak, aragatnaşyk ulgamlaryny giňeltmek we elýeterliligi üpjün etmek boýunça görülýän çäreler barada hasabat berdi.

Şeýle hem Mämmethan Çakyýew Türkmenistanyň welaýatlarynda we Aşgabat şäherinde sanly telefon beketleri gurnalyp, bir ulgamyň üsti bilen dolandyrylýan telefon, ýokary tizlikli internet we IP telewideniýe ulgamlarynyň hyzmatlaryndan peýdalanmaga mümkinçilik berýän fiksirlenen telefon toruny döwrebap GPON ulgamyna çenli kämilleşdirmek, olaryň göwrümlerini giňeltmek boýunça işleriň alnyp barylýandygyny aýtdy.

Döwlet Baştutanymyz hasabaty diňläp, aragatnaşyk ulgamyndaky ähli işleri hil taýdan täze derejede utgaşdyrmagyň, bar bolan kuwwatdan netijeli peýdalanmagyň zerurdygyny nygtady.

Türkmenistanyň Ministrler Kabinetiniň nobatdaky mejlisinde döwlet syýasatynyň möhüm meseleleri ara alnyp maslahatlaşyldy we Türkmenistany mundan beýläk-de ösdürmäge gönükdirilen resminamalar kabul edildi.

Täzelikleriňizi ýollaň
Ugratmak
2022