Türkmenistan bilen Eýranyň arasyndaky söwda 35,34% ýokarlandy

BIZNES TÜRKMENISTAN
Türkmenistan bilen Eýranyň arasyndaky söwda 35,34% ýokarlandy
Şu ýylyň dokuz aýynda Türkmenistan bilen Eýranyň arasyndaky söwda dolanyşygy 358,85 million ABŞ dollaryna barabar boldy.

Eýranyň Türkmenistana eksporty häzirki Eýranyň senenamasynyň birinji dokuz aýynda (21-nji martdan 21-nji dekabra çenli) geçen ýylyň degişli döwri bilen deňeşdirilende 35,34% ýokarlandy. Bu barada Eýran Yslam Respublikasynyň gümrük gullugynyň maglumatlaryna salgylanyp, “Iranian Mehr” agentligi geçen duşenbe güni habar berdi.

Şu ýylyň dokuz aýynda Türkmenistan bilen Eýranyň arasyndaky söwda dolanyşygy 358,85 million ABŞ dollaryna barabar boldy we 1,03 million tonna ýetdi.

Eýranyň Hazar deňziniň kenarýaka döwletleri bilen şu ýylyň dokuz aýynda umumy söwda dolanyşygy 2,76 milliard ABŞ dollaryna deň bolup, 5,1 million tonna ýetdi. Bu görkeziji geçen ýylyň degişli döwri bilen deňeşdirilende 10,04 göterim artdy.

Bu döwürde Russiýa Hazar deňziniň kenarýaka döwletleriniň arasynda Eýranyň esasy söwda hyzmatdaşy boldy. Russiýa bilen Eýranyň arasyndaky söwda dolanyşyk 1,63 milliard ABŞ dollaryna (1,75 göterim peseldi) deň bolup, 2,86 million tonna ýetdi.

2022-nji ýylyň birinji dokuz aýynda Eýranyň Hazaryň kenarýaka döwletlerine eksporty 6,24 göterim artyp, 1,52 milliard ABŞ dollaryndan geçdi.

Täzelikleriňizi ýollaň
Ugratmak
2022