Balkanabatda 2,2 milliard kilowat sagatdan gowrak elektrik energiýasy öndürildi

BIZNES TÜRKMENISTAN
Balkanabatda 2,2 milliard kilowat sagatdan gowrak elektrik energiýasy öndürildi
Beketde öndürilýän artykmaç elektrik energiýasy Türkmenistanyň bitewi elektrik ulgamyna gönükdirilýär.

Balkanabat döwlet elektrik bekediniň täze önümçilik desgalarynda 2022-nji ýylyň jemi boýunça 2,2 milliarddan gowrak kilowat sagat elektrik energiýasy öndürildi.

Türkmenistanyň resmi metbugatynyň duşenbe güni habar bermegine görä, kärhana geçen ýylyň iş meýilnamasyny 108,4 göterim ýerine ýetirdi.

Habarda bellenilişi ýaly, beketde köp möçberde öndürilýän elektrik energiýasy günbatar sebiti doly üpjün edýär. Artykmaç elektrik energiýasy bolsa Türkmenistanyň bitewi elektrik ulgamyna gönükdirilýär.

Balkanabat döwlet elektrik stansiýasy 2003-nji ýylda işe girizildi. Bu ýerde 2010-njy ýylda jemi kuwwaty 254,2 MWt bolan iki sany gaz turbina desgasy işe girizildi. Bu desgalaryň işe girizilmegi bilen Balkanabat döwlet elektrik stansiýasynyň bellenen kuwwatlylygy 380,6 MWt-a deň boldy.

2022