Türkmen telekeçileri öz önümleri bilen Russiýanyň bazaryndaky boşluklary eýeläp bilerler

BIZNES TÜRKMENISTAN
Türkmen telekeçileri öz önümleri bilen Russiýanyň bazaryndaky boşluklary eýeläp bilerler
Mihail Mişustin Rus kompaniýalarynyň hyzmatdaşlygy ösdürmek boýunça anyk teklipleri ara alyp maslahatlaşmaga taýýardyklaryny belledi.

Türkmen telekeçileri öz öndürýän ýokary hilli hem-de bäsdeşlige ukyply önümleri bilen Russiýadan çykyp giden daşary ýurt kompaniýalaryndan soňra boşan käbir boşluklary eýeläp bilerler diýip, Russiýanyň Hökümetiniň Başlygy Mihail Mişustin Aşgabatda penşenbe güni geçirilen türkmen-rus işewürlik maslahatynyň dowamynda eden çykyşynda aýtdy. Bu barada Türkmenistanyň resmi metbugaty habar berdi.

Mihail Mişustin Türkmenistan bilen strategik hyzmatdaşlyk gatnaşyklaryna tüýs ýürekden buýsanylýandygyny nygtap, häzirki wagtda ikitaraplaýyn haryt dolanyşygynyň möçberiniň 1 milliard ABŞ dollaryna ýetendigini kanagatlanma bilen belledi.

“Işewürlik maslahatyna Russiýanyň köp sanly kompaniýalary gatnaşýarlar hem-de olar hyzmatdaşlygy ösdürmek boýunça anyk teklipleri ara alyp maslahatlaşmaga taýýardyrlar” diýip, Mihail Mişustin nygtady we Russiýa bilen Türkmenistanyň birek-birek üçin hemişe ygtybarly hyzmatdaşlar bolandyklaryna, şeýle bolup hem galjakdyklaryna aýratyn üns çekdi.

Russiýanyň Hökümetiniň Başlygy Hazar deňziniň gündogar kenarynyň ugry boýunça awtoulag ýolunyň gurluşygyny geljegi uly bilelikdäki taslamalaryň hatarynda görkezip, Hazarda Russiýanyň we Türkmenistanyň deňiz portlarynyň ýük dolanyşygyny artdyrmagyň, demir ýol lokomotiwleriniň, ýük we ýolagçy wagonlarynyň iberilmeginiň giňeldilmeginiň zerurdygyny aýtdy.

Myhman Russiýanyň Türkmenistan bilen hyzmatdaşlygy giňeltmek üçin işjeň tagalla etjekdigini aýdyp, rus Hökümetiniň hem-de karz-eksport goldawy boýunça döwlet edaralarynyň telekeçilere goldaw bermäge, türkmen kärdeşleri bilen bilelikde gümrük, weterinar we ösümlikleri geçirmegiň gözegçilik kadalaryny, işewür toparlaryň wekilleri üçin wiza düzgünini ýönekeýleşdirmek mümkinçiliklerine garamaga taýýardyklaryny belledi.

Şeýle hem Mihail Mişustin Türkmenistanyň wekillerini Russiýada şu ýylyň birinji ýarymynda geçirilmegi meýilleşdirilen iri çäreleriň birnäçesine, hususan-da, “Russiýa — Yslam dünýäsi” halkara ykdysady forumyna, GDA-nyň Hökümet Baştutanlarynyň Geňeşiniň, Ýewraziýa hökümetara geňeşiniň mejlislerine, “Ýewraziýa — biziň öýümiz” kooperasiýa taslamalarynyň sergisine, Ýewraziýa kongresine, Peterburg halkara ykdysady forumyna gatnaşmaga çagyrdy.

Myhman çykyşynyň ahyrynda özara ynama we hormat goýmaga esaslanýan strategik hyzmatdaşlygyň, söwda-ykdysady gatnaşyklaryň hil taýdan täze derejä çykarylmagynyň kepili bolup hyzmat etjekdigine ynam bildirdi.

2022