Türkmenistanyň “Balkan” gämi gurluşyk we abatlaýyş zawody” AGPJ Tatarystanyň “Ak Bars” korporasiýasy bilen bilelikde iki sany gury ýük daşaýjy gämisini gurmagy maksat edinýär. Bu barada Türkmenistanyň Ministrler Kabinetiniň ýanyndaky Ulag we kommunikasiýalar agentliginiň Baş direktory Mämmethan Çakyýewiň penşenbe güni Aşgabatda geçirilen türkmen-rus işewürlik forumynyň dowamynda aýdanlaryna salgylanyp, TASS habarlar gullugy habar berdi.
“Balkan” gämi gurluşyk we abatlaýyş zawodymyz bilen “Ak Bars” korporasiýasynyň arasynda iki sany gury ýük daşaýjy gämisiniň gurluşygy barada bilelikdäki Memoranduma gol çekildi. Häzirki wagtda şertnama düzmek we bu taslamany durmuşa geçirip başlamak üçin amallaryň üstünde işlenilýär” diýip, Mämmethan Çakyýew belledi.
Türkmen-rus işewürlik forumynyň dowamynda Türkmenistanyň Daşary işler ministri Türkmenistanyň ýurduň söwda floty üçin Russiýanyň gämigurluşyk zawodlaryna buýurmalary bermek baradaky teklibe garamaga taýýardygyny aýtdy.
Şeýle-de wise-premýer bu ugurda Türkmenistanyň ýeterlik tejribe toplandygyny mälim etdi.
Türkmen-rus işewürlik maslahaty 19-20-nji ýanwar aralygynda Aşgabatda geçirilýär. Oňa gatnaşyjylar senagat kooperasiýasy, gurluşyk önümçiligi, maglumat tehnologiýalary, sanly ulgama geçmeklik we ulag-logistika ýaly birnäçe ugurlardaky ikitaraplaýyn hyzmatdaşlygy ara alyp maslahatlaşýarlar. Türkmen-rus işewürler forumynyň umumy mejlisine Türkmenistanyň Ministrler Kabinetiniň Başlygynyň orunbasary, daşary işler ministri Raşid Meredow we Russiýanyň Hökümetiniň Başlygy Mihail Mişustin gatnaşdylar.