Türkmenbaşy etrabynyň “Çagyl” ýatagynyň magdanlaryndan demir oksidini almak meýilleşdirilýär

BIZNES TÜRKMENISTAN
Türkmenbaşy etrabynyň “Çagyl” ýatagynyň magdanlaryndan demir oksidini almak meýilleşdirilýär
“Çagyl” ýatagynyň demir magdanlarynyň bar bolan goruny tassyklamak üçin maslahat beriji kompaniýany saýlap almak boýunça halkara bäsleşigi geçirmek meýilleşdirilýär.

Balkan welaýatynyň Türkmenbaşy etrabynda ýerleşýän “Çagyl” ýatagynyň demir magdanlaryndan zawodlaryň önümçiliginde çig mal hökmünde ulanylýan demir oksidini almak mümkinçiliginiň bardygy anyklanyldy diýip, Türkmenistanyň Ministrler Kabinetiniň Başlygynyň senagat we gurluşyk toplumyna gözegçilik edýän orunbasary Çarymyrat Purçekow penşenbe güni sanly ulgam arkaly geçirilen Ministrler Kabinetiniň nobatdaky mejlisinde Türkmenistanyň Prezidenti Serdar Berdimuhamedowa habar berdi.

Türkmenistanyň Ministrler Kabinetiniň nobatdaky mejlisiniň dowamynda Çarymyrat Purçekow gözegçilik edýän düzümlerindäki işleriň ýagdaýy barada hasabat berdi.

“Çagyl” ýatagynyň demir magdanlarynyň bar bolan goruny tassyklamak, taslamanyň tehniki-ykdysady esaslandyrmasyny işläp düzmek üçin maslahat beriji kompaniýany saýlap almak boýunça halkara bäsleşigi geçirmek meýilleşdirilýär. Bu barada Türkmenistanyň resmi metbugaty habar berdi.

Döwlet Baştutanymyz hasabaty diňläp, daşary ýurtlardan getirilýän harytlaryň ornuny tutýan önümleriň önümçiliginde ulanylýan ýerli çig mal serişdelerini mundan beýläk-de özleşdirmegiň zerurdygyny belledi we wise-premýere bu ugurda alnyp barylýan işleri dowam etdirmegi tabşyrdy.

Türkmenistanyň Ministrler Kabinetiniň sanly ulgam arkaly geçirilen mejlisinde birnäçe resminamalaryň taslamalaryna garaldy hem-de döwlet durmuşynyň birnäçe möhüm meseleleri ara alnyp maslahatlaşyldy.

Täzelikleriňizi ýollaň
Ugratmak
2022