Türkmenistanyň we Russiýanyň kompaniýalary $2 milliarddan gowrak şertnamalara gol çekdiler

BIZNES TÜRKMENISTAN
Türkmenistanyň we Russiýanyň kompaniýalary $2 milliarddan gowrak şertnamalara gol çekdiler
Russiýanyň ykdysady ösüş ministriniň orunbasary importyň ornuny tutýan harytlary öndürmekde Türkmenistanyň rus bazary üçin möhümdigini aýtdy.

Türkmenistanyň we Russiýanyň kompaniýalary 19-20-nji ýanwar aralygynda Aşgabatda geçirilen türkmen-rus işewürlik maslahatynyň dowamynda 2 milliard ABŞ dollaryndan gowrak bolan ikitaraplaýyn şertnamalara gol çekdiler. Bu barada Russiýanyň Ykdysady Ösüş ministrliginiň metbugat gullugy anna güni habar berdi.

“Türkmenistanda Russiýanyň gatnaşmagynda 3,5 milliard ABŞ dollaryna deň bolan 20-den gowrak maýa goýum taslamasy durmuşa geçirilýär. Mundan başga-da, ulag, gurluşyk, awtoulag we gämi gurluşyk pudaklarynda, derman senagatynda, geologiýa gözleginde we nebit-gaz pudagynda täze taslamalar taýýarlanylýar” diýip, Russiýanyň ykdysady ösüş ministriniň orunbasary Dmitriý Wolwaç türkmen-rus işewürlik maslahatynda eden çykyşynda aýtdy.

Russiýanyň ykdysady ösüş ministriniň orunbasary importyň ornuny tutýan harytlary öndürmekde Türkmenistanyň rus bazary üçin möhümdigini aýtdy.

Dmitriý Wolwaçyň aýtmagyna görä, Russiýa bazary Türkmenistandan oba hojalyk we dokma önümleriniň importyny artdyrmak isleýär.

Habarda bellenilişi ýaly, Russiýa öz gezeginde haryt däl önümleriň we ýokary çylşyrymly himiýa, maşyn-tehniki, turba, nebit we gaz enjamlarynyň eksport mukdaryny artdyrmaga taýýardyr. Şeýle önümler iri infrastruktura taslamalary üçin zerurdyr.

Russiýanyň ykdysady ösüş ministriniň orunbasary Dmitriý Wolwaç çykyşynyň ahyrynda kiçi we orta telekeçilik hem-de demir ýol ulaglary pudagynda sanly tehnologiýalary özara alyşmaga Russiýanyň taýýardygyny mälim etdi.

Täzelikleriňizi ýollaň
Ugratmak
2022