Birleşen Milletler Guramasynyň Azyk we oba hojalyk guramasynyň (FAO) Baş direktory Sýuý Dunýuý bilen Türkmenistanyň Italiýadaky Adatdan daşary we Doly ygtyýarly Ilçisi, Türkmenistanyň FAO-daky hemişelik wekili Toýly Kömekowyň arasynda FAO-nyň edara binasynda penşenbe güni geçirilen duşuşykda Türkmenistanda bu guramanyň wekilhanasyny açmak boýunça şertnamanyň taslamasy ara alnyp maslahatlaşyldy. Bu barada Türkmenistanyň Italiýadaky Ilçihanasynyň penşenbe güni ýaýradan metbugat beýanatynda habar berilýär.
Duşuşygyň başynda ilçi Toýly Kömekow FAO-nyň Baş direktoryna Türkmenistanyň hökümetiniň salamyny ýetirdi we Türkmenistanyň oba hojalygyny durnukly ösdürmek, azyk howpsuzlygyny goramak boýunça alnyp barylýan çäreleri ýokarlandyrmak boýunça dünýä tejribesini ulanmaga gönükdirilen netijeli hyzmatdaşlygy ösdürmek isleýändigini mälim etdi.
FAO-nyň Baş direktory öz gezeginde daşky gurşawy goramaga, tebigy baýlyklardan tygşytly peýdalanmaga we azyk howpsuzlygyny üpjün etmäge gönükdirilen halkara hereketlerde Türkmenistanyň aýratyn işjeň wezipesini belläp geçdi.
Şeýle hem taraplar bilelikdäki taslamalary we maksatnamalary işläp düzmek hem-de doly durmuşa geçirmek barada pikir alyşdylar.
Duşuşygyň ahyrynda FAO-nyň Baş direktory Sýuý Dunýuý ilçi Toýly Kömekowa Türkmenistanyň Prezidenti Serdar Berdimuhamedowa, şeýle hem Türkmenistanyň Daşary işler ministrliginiň we Oba hojalyk we daşky gurşawy goramak ministrliginiň ýolbaşçylaryna salamyny ýetirmegi haýyş etdi.