Türkmenistan we Belgiýa işewürler üçin hyzmatdaşlyk formatyny döretmekçi

BIZNES TÜRKMENISTAN
Türkmenistan we Belgiýa işewürler üçin hyzmatdaşlyk formatyny döretmekçi
Duşuşyk 19-21-nji ýanwar aralygynda Wepa Hajiýewiň Brýussele eden saparynyň çäginde geçirildi.

Türkmenistanyň Daşary işler ministriniň orunbasary Wepa Hajiýew bilen Belgiýanyň Daşary işler ministrliginiň Köptaraplaýyn gatnaşyklar we globalizasiýa boýunça Baş Müdiriýetiniň başlygy Gislen D’Hup bilen Brýusselde geçirilen duşuşykda iki ýurduň işewür toparlaryny bir ýere jemlejek hyzmatdaşlyk formatyny döretmek we işewürlik maslahatlaryny yzygiderli geçirmek boýunça ylalaşyldy. Bu barada Türkmenistanyň Belgiýadaky ilçihanasy “Biznes Türkmenistan” internet neşirine sişenbe güni habar berdi.

Duşuşyk 19-21-nji ýanwar aralygynda Wepa Hajiýewiň Brýussele eden saparynyň çäginde geçirildi.

Türkmenistanyň Daşary işler ministriniň orunbasary Türkmenistanyň halkara guramalarynda, esasanam BMG-niň çäklerindäki başlangyçlaryny goldaýandygy üçin kärdeşine minnetdarlyk bildirdi we bilelikdäki özara bähbitli işi dowam etdirmäge çagyrdy.

Diplomatlar iki ýurdyň sanlaşdyrma, bilim, ulag, energiýa we dokma senagaty ýaly ugurlarda hyzmatdaşlygy has-da çuňlaşdyrmaga mümkinçilikleriň bardygyny mälim etdiler.

Şeýle hem taraplar ikitaraplaýyn hyzmatdaşlygyň hukuk binýadyny berkitmegiň we ýokary derejeli saparlarda gol çekilip bilinjek özara peýdaly ugurlarda ikitaraplaýyn hukuk resminamalaryny taýýarlamagyň üstünde işlemek boýunça ylalaşdylar.

Mundan başga-da diplomatlar şu ýyl iki ýurduň arasynda diplomatik gatnaşyklaryň ýola goýulmagynyň 30 ýyllygynyň bellenilýändigini aýdyp, dürli medeni we bilim çäreleri geçirmek arkaly bu möhüm wakanyň bellenilmegini nygtadylar.

2022