Gurbanguly Berdimuhamedow Aşgabat şäheriniň töwerekleri boýunça iş saparyny amala aşyrdy

BIZNES TÜRKMENISTAN
Gurbanguly Berdimuhamedow Aşgabat şäheriniň töwerekleri boýunça iş saparyny amala aşyrdy
“Interbudmontažyň” ýolbaşçysy bolsa ýurdumyzda gurlan lagym ulgamlarynyň işleýşi barada maglumat berdi.

Türkmenistanyň Halk Maslahatynyň Başlygy Gurbanguly Berdimuhamedow çarşenbe güni Aşgabat şäheriniň töwerekleri boýunça iş saparyny amala aşyrmagyň dowamynda Garagum derýasynyň hem-de beýleki akabalaryň suwuny rejeli peýdalanmak, derýanyň kadaly akymyny üpjün etmek, onuň kenarlaryny berkitmek meselelerine aýratyn üns berdi. Bu barada Türkmenistanyň resmi metbugaty habar berdi.

Garagum derýasynyň 798-nji kilometrinde Gurbanguly Berdimuhamedowy Türkmenistanyň Ministrler Kabinetiniň Başlygynyň orunbasary, Daşary işler ministri Raşid Meredow, Ahal welaýatynyň merkeziniň gurluşygy boýunça döwlet komitetiniň başlygy Derýageldi Orazow, Arkadag şäheriniň häkimi Şamuhammet Durdylyýew, Aşgabat şäheriniň häkimi Rahym Gandymow, şeýle-de “Altkom” we “Interbudmontaž” kompaniýalarynyň ýolbaşçylary Aleksandr Tislenko hem-de Wladimir Petruk garşy aldylar.

Türkmenistanyň Halk Maslahatynyň Başlygy Gurbanguly Berdimuhamedow Türkmenistanyň suw howdanlaryny we akabalaryny göwnejaý ýagdaýda saklamak, olary arassalamak meselelerine uly üns berilýändigini belläp, bu meseleleri çözmekde daşary ýurtly hyzmatdaşlarymyzyň ösen tejribelerini ulanmagyň maksadalaýyk boljakdygyny nygtady.

Garabogazköl aýlagynyň üstünden geçýän köpriniň gurluşygy ynanylan “Altkom” kompaniýasynyň ýolbaşçysy häzirki wagtda desgada alnyp barylýan işleriň ýagdaýy barada hasabat berdi. “Interbudmontažyň” ýolbaşçysy bolsa ýurdumyzda gurlan lagym ulgamlarynyň işleýşi barada maglumat berdi.

Iki kompaniýanyň ýolbaşçylary dünýäde ygtybarly hyzmatdaş hökmünde ykrar edilen we daşary ýurtly kompaniýalaryň netijeli işlemekleri üçin amatly şertler döredilen Türkmenistanda amala aşyrylýan taslamalara gatnaşmagyň özleri üçin uly hormatdygyny belläp, bu ugurda toplan tejribelerini öz işlerinde netijeli ulanmaga taýýardyklaryny nygtadylar.

Türkmen halkynyň Milli Lideri ylmyň soňky gazananlaryny ulanmak arkaly suw serişdelerini rejeli peýdalanmak meselelerine jogapkärçilikli çemeleşmegiň zerurdygyny nygtap, degişli ýolbaşçylara birnäçe maslahatlaryny berdi.

Türkmenistanyň Halk Maslahatynyň Başlygy derýalaryň kenarlaryny berkitmäge, kadaly suw akymlarynyň üpjün edilmegine jogapkärçilikli çemeleşmegiň möhümdigini aýtdy hem-de hemmelere öňde durýan wezipeleri ýerine ýetirmekde üstünlikleri arzuw etdi.

Täzelikleriňizi ýollaň
Ugratmak
2022