TNGIZT-da 2022-nji ýylda 1,54 million tonnadan gowrak awtobenzin çykaryldy

BIZNES TÜRKMENISTAN
TNGIZT-da 2022-nji ýylda 1,54 million tonnadan gowrak awtobenzin çykaryldy
Çykarylan awtobenzinleriň möçberi göz öňünde tutulandan 186 müň 218 tonna köpdür.

“Türkmennebit” döwlet konserniniň Türkmenbaşydaky nebiti gaýtadan işleýän zawodlar toplumy (TNGIZT) boýunça 2022-nji ýylda awtobenzinleriň dürli görnüşleriniň jemi 1 million 542 müň 204 tonnasy çykarylyp, öňde goýulan meýilnama 113,7 göterim ýerine ýetirildi. Bu barada Türkmenistanyň resmi metbugaty penşenbe güni habar berdi.

Habarda bellenilişi ýaly, çykarylan awtobenzinleriň möçberi göz öňünde tutulandan 186 müň 218 tonna köpdür.

Şeýle-de geçen ýylyň dowamynda bu kärhanada ýangyç kerosininiň 426 müň 147 tonnasy, dizel ýangyjynyň bolsa 1 million 488 tonnadan gowragy öndürildi.

Zawodlar toplumynda çalgy ýaglarynyň jemi 57 müň tonnadan gowragy çykaryldy we bu meýilnama 106 göterim ýerine ýetirildi.

TNGIZT nebiti we gaz kondensatyny gaýtadan işläp, dürli nebit we nebithimiýa önümlerini öndürmek hem-de olary içerki we daşarky bazarlara ýerlemek işlerini alyp barýar.

Täzelikleriňizi ýollaň
Ugratmak
2022