Balkanda geçen ýyl mineral dökünleriň 1 million tonnadan gowragy öndürildi

BIZNES TÜRKMENISTAN
Balkanda geçen ýyl mineral dökünleriň 1 million tonnadan gowragy öndürildi
Mineral dökünleri öndürmek boýunça meýilnamany 104,9 göterim ýerine ýetirildi.

Balkan welaýatynyň himiýaçylary 2022-nji ýylda mineral dökünleriň 1 million 38 müň tonna golaýyny öndürip, meýilnamany 104,9 göterim ýerine ýetirdiler.

Şol döwürde welaýatda ýoduň 763 tonna golaýy öndürilip, 102,3 göterim zähmet üstünligi gazanyldy. Bu barada Türkmenistanyň resmi metbugaty penşenbe güni habar berdi.

Gymmatly çig mal bolan ýoduň 254 tonnadan gowragy döwlete degişli bolmadyk ulgam tarapyndan öndürildi.

Geçen ýylda Balkan welaýatynyň himiýaçylary tarapyndan tehniki uglerodyň 875 tonna golaýy çykaryldy. Şeýle hem bu döwürde öndürilen natriý sulfatynyň umumy möçberi 1010 tonna barabar boldy.

2022