ÝB agza ýurtlary bilen Türkmenistanyň arasyndaky söwda €816,94 milliona ýetdi

BIZNES TÜRKMENISTAN
ÝB agza ýurtlary bilen Türkmenistanyň arasyndaky söwda €816,94 milliona ýetdi
Geçen ýylyň on aýynda Türkmenistanyň ÝB agza ýurtlaryna eksporty 323,16 million ýewro deň boldy.

Türkmenistanyň Ýewropa Bileleşigine (ÝB) agza ýurtlary bilen söwda dolanyşygy 2022-nji ýylyň ýanwar-oktýabr aýlarynda 816,94 million ýewro barabar boldy. Bu barada ÝB-niň Statistika gullugyna (Ýewrostat) salgylanyp, Azerbaýjanyň “Trend” agentligi anna güni habar berdi.

Agentligiň habar bermegine görä, geçen ýylyň on aýynda Türkmenistanyň ÝB agza ýurtlaryna eksporty 323,16 million ýewro deň boldy. Bu bolsa 2021-nji ýylyň degişli döwri bilen deňeşdirilende 27 göterim pesdir (442,63 million ýewro).

Türkmenistan 2022-nji ýylyň ýanwar-oktýabr aýlarynda ÝB agza ýurtlaryndan  jemi bahasy 493,78 million ýewro deň bolan önüm import etdi.

Türkmenistan bilen ÝB agza ýurtlaryň arasyndaky söwda dolanyşygy 2020-nji ýylda 955,7 million ýewro deň boldy.

 

2022