“Türkmendeňizderýaýollary” we “Dragon Oil” kompaniýasy özara hyzmatdaşlygy giňeltmegi maslahatlaşdylar

BIZNES TÜRKMENISTAN
“Türkmendeňizderýaýollary” we “Dragon Oil” kompaniýasy özara hyzmatdaşlygy giňeltmegi maslahatlaşdylar
Duşuşygyň dowamynda deňiz ulag ulgamynda “Dragon Oil” kompaniýasy bilen eýýäm ençeme ýyllaryň dowamynda ýakyndan hyzmatdaşlygyň alnyp barylýandygy bellenildi.

“Türkmendeňizderýaýollary” agentliginiň wekilleri bilen BAE-niň “Dragon Oil” kompaniýasynyň wekilleriniň arasynda sişenbe güni wideoaragatnaşyk arkaly geçirilen duşuşygyň dowamynda özara hyzmatdaşlygy mundan beýläk hem giňeltmek boýunça meseleler ara alnyp maslahatlaşyldy.

Duşuşygyň dowamynda deňiz ulag ulgamynda “Dragon Oil” kompaniýasy bilen eýýäm ençeme ýyllaryň dowamynda ýakyndan hyzmatdaşlygyň alnyp barylýandygy bellenildi. Bu barada “Türkmendeňizderýaýollary” agentliginiň resmi metbugaty penşenbe güni habar berdi.

Wideoaragatnaşyk arkaly geçirilen duşuşygyň barşynda “Türkmendeňizderýaýollary” agentliginiň wekilleri kompaniýany Türkmenistanyň deňiz ulag ulgamyny, milli deňiz söwda flotuny ösdürmeklige gönükdirilen iri taslamalar, öňde goýlan wezipeler, gurulmagy meýilleşdirilýän gämiler bilen tanyşdyrdylar. 

Şeýle hem  wideoaragatnaşyk arkaly geçirilen duşuşygyň dowamynda Türkmenistanyň milli flotuny ösdürmeklige gönükdirilen taslamalaryň ýurduň ulag ulgamyny kämilleşdirmekde, ulag-üstaşyr logistika babatda halkara hyzmatdaşlygy giňeltmekde wajyp orunlary eýelejekdi göz öňünde tutulyp, kompaniýa gämi gurluşyk boýunça maýa goýumlary goýmak teklip edildi.

Duşuşygyň ahyrynda taraplar ikitaraplaýyn hyzmatdaşlyga gyzyklanma bildirilýändiklerini hem-de geljekde agzalan ugurlar boýunça hyzmatdaşlygyň ýola goýulmagy üçin degişli işleriň geçiriljekdigini nygtadylar.

2022