Tatarystan Türkmenistana eksport edýän oba hojalyk önümleriniň möçberini artdyrmakçy

BIZNES TÜRKMENISTAN
Tatarystan Türkmenistana eksport edýän oba hojalyk önümleriniň möçberini artdyrmakçy
Duşuşygyň dowamynda taraplar oba hojalygy, azyk önümçiligi, agrosenagat, ekerançylyk we maldarçylyk pudaklarynda özara hyzmatdaşlygyň ösüşi we geljegi boýunça pikir alyşdylar.

Tatarystanyň premýer-ministriniň orunbasary, Oba hojalyk we azyk ministri Marat Zýabbarow anna güni Kazanda Türkmenistanyň Kazandaky Baş konsuly Güýç Garaýew bilen geçirilen duşuşykda Tatarystanyň Türkmenistana eksport edýän oba hojalyk önümleriniň möçberini artdyrmak isleýändigini aýtdy.

Marat Zýabbarow Tatarystanyň Türkmenistana däne, günebakar ýagy, şeker, çaga iýmiti, süýt önümleri, şol sanda gury süýt we peýnir önümlerini ibermäge taýýardygyny mälim etdi. Bu barada Türkmenistanyň Kazandaky Baş konsullygynyň duşenbe güni ýaýradan metbugat beýanatynda habar berilýär.

Duşuşygyň dowamynda taraplar oba hojalygy, azyk önümçiligi, agrosenagat, ekerançylyk we maldarçylyk pudaklarynda özara hyzmatdaşlygyň ösüşi we geljegi boýunça pikir alyşdylar.

Türkmenistanyň Kazandaky Baş konsuly öz gezeginde Marat Zýabbarowy Türkmenistanyň oba hojalyk pudagynyň eksport mümkinçilikleri bilen tanyşdyrdy.

Şeýle hem duşuşygyň çäginde Güýç Garaýew şu ýylyň mart aýynda söwda-ykdysady, ylmy-tehniki we medeni hyzmatdaşlyk boýunça türkmen-tatar bilelikdäki iş toparynyň mejlisiniň meýilleşdirilýändigini aýtdy.

2022