Aşgabat şäheriniň “Ylham” söwda merkezide täze “Eyvan” kafesi açyldy. Müşderiler bu ýerde türk we türkmen tagamlarynyň dürli görnüşlerini dadyp bilerler.
“Eyvan” kafesi birnäçe zolaga bölünip, onda dynç alyş zolagy, eýwan, aýdym-saz zolagy ýerleşdirilendir. Bu kafeniň içki dizaýny müşderilere dogan-garyndaşlary, dostlary, kärdeşleri bilen dynç almaga, dürli tagamlary dadyp görmäge, boş wagtlaryny gyzykly geçirmäge mümkinçilik berýän döwrebap usulda döredildi.
Bu ýerde uly iş tejribesine eýe bolan aşpezler zähmet çekýärler we olar türk we türkmen tagamlarynyň dürli görnüşlerini ussatlyk bilen taýýarlaýarlar. Rahat, döwrebap kafeda müşderilere dürli görnüşli etden taýýarlanan naharlar, kebaplar, çorbalar, pizzalar, pidäniň dürli görnüşleri, köfte, işdäaçarlar, meşhur türk süýjülikleri hödürlenilýär.
Kafeniň dolandyryjysynyň ”Biznes Türkmenistan” internet neşirine gürrüň bermegine görä, kafeda taýýarlanylýan tagamlaryň bahalary müşderiler üçin elýeterli bolup, olaryň içinde iň meşhury “Adana” we “Berre” kebaplarydyr.
Şeýle hem kafeniň dolandyryjysy bu ýerde naharlaryň taýýarlanylmagynda täze we ter önümleriň ulanýandygyny aýdyp, geljekde-de müşderileriň isleglerini kanagatlandyrmak üçin ýeterlikli tagallalary etjekdiklerini aýtdy.
“Eyvan” kafesiniň göwrümi 100 orunluk bolup, ol müşderilere her gün sagat 8:00-dan 23:00-a çenli hyzmat eder.
“Eyvan” kafesi myhmanlara şu salgy boýunça garaşýar: Aşgabat şäheri, “Ylham” söwda merkeziniň 3-nji gaty
Habarlaşmak üçin telefon belgiler: +99363-49-39-95;
Instagram: eyvan_coffee_and_lounge