Türkmenistan bilen Günorta Koreýa gämi gurluşygynda hyzmatdaşlygy ýola goýmakçy

BIZNES TÜRKMENISTAN
Türkmenistan bilen Günorta Koreýa gämi gurluşygynda hyzmatdaşlygy ýola goýmakçy
Türkmen wekiliýeti “Daewoo Shipbuilding & Marine Engineering” (DSME) gämi gurluşyk zawodynda gämi gurluşygynyň alnyp barylyşy bilen tanyşdyryldy.

“Türkmendeňizderýaýollary” agentliginiň wekilleri 15-24-nji ýanwar aralygynda Günorta Koreýanyň Busan şäherine amala aşyran iş saparynyň dowamynda Türkmenistan bilen Günorta Koreýanyň arasynda gämi gurluşyk pudagynda ikitaraplaýyn hyzmatdaşlygy ýola goýmak bilen baglanyşykly birnäçe çärelere gatnaşdylar.

Bu sapar Günorta Koreýanyň çakylygy esasynda, Koreýanyň Deňiz enjamlaryny öwreniş ylmy-barlag instituty (KOMERI) bilen “Balkan” gämi gurluşyk we abatlaýyş zawodynyň arasynda gol çekilen Ähtnamany durmuşa geçirmek maksady bilen amala aşyryldy. Bu barada “Türkmendeňizderýaýollary” agentliginiň metbugat gullugy sişenbe güni habar berdi.

Saparyň çäginde agentligiň wekilleri KOMERI-nyň wekilleri bilen duşuşyk geçirip, gämi gurluşyk pudagyndaky hyzmatdaşlygyň esasy ugurlaryny ara alyp maslahatlaşdylar. Şeýle hem “Türkmendeňizderýaýollary” agentligiň wekilleri KOMERI-nyň sebit merkezlerine baryp gördüler.

Mundan başga-da, türkmen wekiliýeti “Daewoo Shipbuilding & Marine Engineering” (DSME) gämi gurluşyk zawodynda gämi gurluşygynyň alnyp barylyşy bilen tanyşdyryldy.

DSME gämi gurluşyk zawody Günorta Koreýanyň iň iri gämi gurluşyk zawodlarynyň biri bolup durýar. Bu zawod 1973-nji ýylda esaslandyrylyp, onda dürli görnüşli gämiler, gury ýük gämileri, paromlar, konteýner daşaýan gämiler, tankerler gurulýar.

Saparyň çäklerinde türkmen wekiliýeti “Balkan” gämi gurluşyk we abatlaýyş zawodynyň alyp barýan işi barada gürrüň berdi.

Şeýle hem saparyň dowamynda “Movena” maslahat beriş kompaniýasynyň wekilleri bilen duşuşyk geçirildi. Duşuşykda “Movena” maslahat beriş kompaniýasynyň wekilleri “Balkan” gämi gurluşyk we abatlaýyş zawody boýunça bar bolan maglumatlary içgin seljerendiklerini we zawodda gämi gurluşygyny ýola goýmakda hem-de gämi gurluşygyny dolandyrmakda hyzmatdaşlyk etmäge taýýardyklaryny habar berdiler.

Iş saparynyň ahyrynda taraplar Türkmenistan bilen Günorta Koreýanyň arasynda gämi gurluşyk pudagynda hünärmenleri taýýarlamaga, zawodyň önümçiligini kämilleşdirmekde hyzmatdaşlygy ýola goýmaga ygrarlydyklaryny ýene bir gezek tassykladylar.

2022