Germaniýa harytlaryň üstaşyr ulgamyny sanlylaşdyrmakda Türkmenistana goldaw berýär

BIZNES TÜRKMENISTAN
Germaniýa harytlaryň üstaşyr ulgamyny sanlylaşdyrmakda Türkmenistana goldaw berýär
Germaniýanyň halkara hyzmatdaşlyk boýunça jemgyýetiniň edara binasy, Bonn, Germaniýa

Germaniýanyň halkara hyzmatdaşlyk boýunça jemgyýeti (GIZ) 2023-nji ýylyň ahyryna çenli Türkmenistana harytlaryň üstaşyr ulgamyny sanlylaşdyrmakda goldaw berýär. Bu barada GIZ-iň wekiliniň aýdanlaryna salgylanyp, “Trend” agentligi çarşenbe güni habar berdi.

Sanly gurallary ulanmak bilen söwda kompaniýalary öz harytlary barada deslapky maglumatlary elektron görnüşinde gümrük gullugyna, şeýle hem kagyz resminamalary ulanmazdan başga ýurtlara iberip bilerler. Bu bolsa Türkmenistan bilen goňşy ýurtlaryň arasyndaky ýükleriň üstaşyr geçirilmegini ýeňilleşdirýär, ygtybarlylygyny üpjün edýär we tizleşdirýär.

Mundan başga-da, sanly ulgam arkaly maglumatlaryň iberilmegi gümrük gullugynyň resminama barlag işlerini ýeňilleşdirer.

Habarda bellenilişi ýaly, GIZ milli gümrük edaralaryna häzirki üstaşyr standartyny sanlylaşdyrmak boýunça yzygiderli maslahatlary berýär.

GIZ agentligi üstaşyr amallarynyň netijeliligini ýokarlandyrmak üçin Merkezi Aziýanyň beýleki ýurtlaryna hem goldaw berýär.

2011-nji ýylda esaslandyrylan GIZ Germaniýanyň Federal hökümetine degişli halkara ösüş agentligidir. Guramanyň merkezi Bonn we Eşborn şäherlerinde ýerleşýär we ol 130-dan gowrak ýurtda hereket edýär.

2022