Lebap welaýatynda 2022-nji ýylda öndürilen senagat önümleriniň umumy möçberi 23,39 milliard manada deň boldy. Bu barada Türkmenistanyň resmi metbugaty penşenbe güni habar berdi.
Şol önümleriň 7,5 milliard manada golaýy döwlet kärhanalarynda öndürildi. Döwlete degişli iri we orta senagat kärhanalarynda öndürilen önümleriň 5,85 milliard manatdan gowragy Türkmenabat şäherine degişlidir. Bu görkeziji 2021-nji ýyl bilen deňeşdirilende 26,3 göterim ýokarydyr.
2021-nji ýyl bilen deňeşdirilende, 2022-nji ýylda welaýat boýunça elektrik energiýa önümçiligi 47,3 göterim, nah matalaryň önümçiligi 45,4 göterim, nah ýüplükleriň önümçiligi 18,9 göterim, sementiň önümçiligi bolsa 12,3 göterim ýokarlandy.
Hasabata görä, 2022-nji ýylda Lebap welaýatynda 3,9 milliard kilowat sagatdan gowrak elektrik energiýasy öndürildi. Welaýatda öndürilen bu energiýanyň belli bir bölegi Özbegistana, Gyrgyzystana, Owganystana eksport edilýär.