Ýanwar 2023: Türkmenistan 2 milliard manatdan gowrak maýa goýum özleşdirdi

BIZNES TÜRKMENISTAN
Ýanwar 2023: Türkmenistan 2 milliard manatdan gowrak maýa goýum özleşdirdi
Döwlet Baştutanymyz ýylyň başyndan düýpli maýa goýumlary özleşdirmegiň möçberiniň ýokary bolmagy täze senagat desgalaryny işe girizmäge şert döredendigini aýtdy.

Türkmenistanyň Prezidenti Serdar Berdimuhamedow anna güni sanly ulgam arkaly geçirilen Ministrler Kabinetiniň nobatdaky mejlisinde 2023-nji ýylyň ýanwar aýynda maliýeleşdirmegiň ähli çeşmeleriniň hasabyna ýurt boýunça özleşdirilen düýpli maýa goýumlaryň möçberi 2 milliard manatdan gowrak bolandygyny we geçen ýylyň degişli döwri bilen deňeşdireniňde, 9,1 göterim artandygyny mälim etdi. Bu barada Türkmenistanyň resmi metbugaty habar berdi.

Döwlet Baştutanymyz ýylyň başyndan düýpli maýa goýumlary özleşdirmegiň möçberiniň ýokary bolmagy täze senagat desgalaryny işe girizmäge, önümçilik kuwwatlyklaryny artdyrmaga şert döredendigini aýtdy. Bu bolsa ilatyň ýaşaýyş-durmuş şertlerini has-da gowulandyrmaga, sebitlerde goşmaça iş orunlaryny döretmäge mümkinçilik berer diýip Türkmenistanyň Prezidenti nygtady.

Türkmenistanyň Ministrler Kabinetiniň Başlygynyň ykdysady, bank we halkara maliýe guramalary meseleleri boýunça orunbasary Hojamyrat Geldimyradowyň şu ýylyň ýanwar aýy boýunça Türkmenistanyň ykdysady pudaklarynda ýerine ýetirilen işleriň netijeleri barada beren hasabatynda ýurduň jemi içerki önüminiň ösüş depgininiň 6,2 göterime deň bolandygyny aýtdy. Ýanwar aýynda öndürilen önümleriň derejesi geçen ýylyň degişli döwründäkiden 5,8 göterim köpeldi. Hasabat döwründe bölek-satuw haryt dolanyşygynyň möçberi, 2022-nji ýylyň degişli döwri bilen deňeşdirilende, 9,5 göterim artdy.

Sanly ulgam arkaly geçirilen Ministrler Kabinetiniň nobatdaky mejlisinde şu ýylyň ýanwar aýynda ýerine ýetirilen işleriniň jemleri jemlenildi, resminamalaryň birnäçesiniň taslamalaryna hem-de döwlet durmuşynyň möhüm meselelerine garaldy.

2022